Şu gün Bakuda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Zagulba» köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen-azerbaýjan gepleşikleri geçirildi. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen llham Aliýewiň arasynda iki halka mahsus açyklyk, bire-birege düşünişmek, hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýeleriniň gatnaşmagynda geňeldilen düzümde dowam etdi.
PDF









