Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri «ýaşyl» ykdysadyýet we sebitiň durnukly ösüşi boýunça okuwlary geçdiler

15

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň döwlet gullugy ulgamyny ösdürmek, onuň işini döwrebap özgertmek, döwlet gullukçylarynyň täze neslini kemala getirmek babatda ähli mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ileri tutýan wezipelerine laýyklykda, döwlet dolandyryşynda gazanylan tejribeleri öwrenmek we daşary ýurtlarda bu ugurda alnyp barylýan işler bilen diňleýjileri tanyşdyrmak maksady bilen, daşary ýurt döwletleriniň ugurdaş okuw we ylmy-barlag merkezlerinden bilermenleri bilen tejribe paýlaşmak işi däbe öwrüldi.
Türkmen akademiýasy bilen rus ugurdaş akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda gol çekilen ylalaşygyny durmuşa geçirmegi dowam etmek maksady bilen, şu ýylyň maý aýynyň 19-22-si aralygynda Akademiýanyň binasynda «Ýaşyl ykdysadyýet we sebitiň durnukly ösüşi» atly hünär ýokarlandyryş maksatnamasy boýunça bilelikde gurnan gysga möhletli okuwlary dowam edýär.
Gysga möhletli hünär kämilleşdiriş okuwlary Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň bilermenleri alyp barýar.


Daşary ýurtly ugurdaş edaralar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, döwlet gullukçylarynyň hünärini kämilleşdirmek, dolandyryşyň ugurlary bolan sanly dolandyryş, döwlet dolandyryş, ylym we bilim işlerini dolandyryşy babatynda bilelikdäki okuw maksatnamalaryny işläp düzmek, ylmy işleri alyp barmak, uzak aralykdan sanly ulgam arkaly okuw maslahatlaryny geçirmek, professor-mugallymlaryň hem-de diňleýjileriň okuw we tejribe saparlaryny gurnamak ýaly işleri öz içine alýar.
Geçirilen gysga möhletli okuw maslahatlarynyň barşynda “Durnukly durmuş-ykdysady ösüşindäki global tendesiýalar we strategiki ileri tutmalar”, “Durnukly ösüşde maýa goýum”, “Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeliligini kesgitlemek”, “Jemgyýetçilik syýasatyny durmuşa geçirmekde maksatnamalaýyn çemeleşmeler”, “Durnukly ösüşde jemgyýetçilik syýasatyň orny”, “Sebitiň durnukly ösüşinde strategiki meýilleşdiriş” ýaly temalara aýratyn üns berlip, zähmet potensialyndan doly peýdalanmak arkaly edaranyň dolandyryş işini utgaşdyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar ulgamy, dolandyryşda strategiki meýilnamanyň ähmiýeti we işe edýän täsiri, bütin dünýäde dolandyryjylarda bolmaly esasy başarnyklar, dolandyryşda sanly tehnologiýalaryň orny, onuň täsiri we ähmiýeti hem-de bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeler, dolandyryşyň gurallary we aýratyn innowasion çemeleşmeler, işgärler ätiýaçlygy we öndürijilik dolandyryş ulgamy, ýaly ugurlar barada giňişleýin maglumat berildi.
Şeýle okuwlaryň geçirilmegi strategiki meýilnamalaşdyryşda, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bähbitli hyzmatdaşlygy we döwlet gullugynda sanly ulgamy ösdürmekde örän ähmiýetlidir.

Zalila Rozyýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy akademiýasynyň uly mugallymy.