Niderlandlaryň MVRDV binagärlik kompaniýasy Hytaýyň Uhan şäherinde guruljak 140 müň inedördül metrlik taslamany hödürledi. Bu desga innowasion dizaýny we daş-töweregiň topografiýasy bilen sazlaşyklydygy sebäpli bäsleşikde ýeňiji boldy. Hytaýyň iň uly kitaphanalarynyň birine öwrüljek bina okamak, dynç almak we öwrenmek üçin öz çägine dürli ýerleri birleşdirýär. Toplum üç sany uly açyklygyň üsti bilen birleşdirilip, onuň çäginde bolup geçýän zatlara göz aýlap bilersiňiz. Binagärler munuň adamlarda bilesigelijilik döredýändigine belleýärler. Aýratyn häsiýetli üçburçluk görnüşi, “100 kölli şäheriň” geografik ýerleşişini alamatlandyrýar – bu iki derýanyň birleşmegini alamatlandyrýar. Dizaýnerler kitaphananyň Uhanyň täze gelim-gidimli ýeri boljakdygyny belleýärler. Kitaphana edebi korpusy, maglumat hyzmatlaryny, ylmy we tehnologik innowasiýalary we gözleg çeşmelerini birleşdirer. Sebitde iň uly merkezi kitaphana boljak bu binanyň üç sany äpet panoramaly penjiresi onuň töweregindäki işewürlik merkezlerine we seýilgählere syn etmäge mümkinçilik berýär. Kitaplar bilen basgançakly eýwanlar özüne çekiji bolup, näçe ýokary gitseň, öwrenmek we okamak üçin has oňaýlylyk döredýär. Kitaphananyň çägindäki uzyn agaçlar onuň töweregindäki uly seýilgäh bilen bitewiligi emele getirýär. Şeýlelikde, şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary tomsuň yssy günlerinde agaç saýasynda hem kitap okap bilerler. Bu ösümlik gurşawy kitaphananyň içki howasynyň hem tebigy bolmagyna ýardam edýär. Binanyň üçegindäki Gün panelleri bolsa, giň okalgalary ýagtyltmakda arassa energiýa çeşmesi hökmünde peýdalanylar.
Eziz Çerkezow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
PDF









