Dünýäde iň seýrek agajy ýok bolmakdan halas edýärler

1

Britan alymlary dünýäde iň seýrek duşýan agajy halas etmek boýunça synaga girişdiler. Ol “Dendroseris neriifolia” diýen görnüş bolup, häzirki wagtda onuň diňe bir düýbi saklanyp galypdyr.
Bu agaç şeýle hem «kelem» agaçlary hökmünde belli bolup, onuň çürbaşynda margaritka güllerine meňzeş güljagazlary bolýar.
Dendroseris neriifolia Çilidäki alys Huan-Fernandes adalarynda duşýan endemik ösümlikdir. Birwagtlar bu agaç Robinzon Kruzo adasynyň pesliklerinde hem-de jülgelerinde ösüpdir. Emma ХХ asyrda olaryň sany birden azalypdyr. 1980-nji ýyla çenli olaryň diňe 7 düýbi galypdyr.
1990-njy ýyllarda aýratyn goralandygyna garamazdan, “Dendroseris neriifolia” agajynyň tebigatda diňe birisi galypdyr. Ol hem kert gaýanyň gyrasynda ösüp otyr. Agajy ýykylmakdan goramak üçin ýüp bilen berkitdiler.
Alymlar agajy ýyladyşhanada ýetişdirmek üçin onuň tohumlaryny peýdalandylar. Alnan netijeler Kýu-Ueýkherstdäki (Sasseks) Müňýyllygyň tohum bankyna (MSB) eltilen tohumlaryň 29-syndan 25-siniň ekmek üçin aňrybaş ýaramlydygyny görkezdi diýip, “Royal Botanic Gardens” neşiri habar berdi.