Taryhda ilkinji gezek dünýä ýurtlarynyň ählisiniň milli parlamentlerinde zenan wekiller bar. Bu barada Parlamentara Bileleşigiň maglumatlarynda mälim edilýär. Merkezi edarasy Ženewada ýerleşýän guramanyň geçen ýyl saýlaw geçirilen 47 ýurtdan alnan hasabatlara esaslanyp taýýarlan maglumatyna laýyklykda, dünýädäki parlamentleriň hiç birisi diňe erkek wekillerden ybarat däl.
Geçen ýyl ählumumy saýlaw geçirilen 47 ýurtda parlamentdäki mandatlaryň 25,8 göteriminiň zenanlara degişlidigi belli bolupdyr. Bu görkeziji şol ýurtlarda geçirilen ozalky saýlawlar bilen deňeşdirilende, 2,33 göterim köp.
Halkara guramanyň wekilleri parlamentlerde zenan wekilleriň sanynyň artmagynyň sebäbini käbir ýurtlarda zenan deputatlaryň sanyny çäklendirmeýän kanunyň çykarylmagynyň netijesi bolandygyny belleýärler. Zenan deputatlaryň sany babatda kanuny we meýletin kwotalaryň bolan ýurtlarynda parlamentleriň 30,9 göterimi zenan wekillerden düzülen bolsa, bu görkeziji kwotasyz ýurtlarda 21,2 göterime deň bolupdyr.
Maglumata görä, dünýäniň alty ýurdunda erkek we zenan deputatlaryň sany deňeçer. Täze Zelandiýada 120 mandatyň 60-y, Kubada 586 ornuň 313-i, Meksikada 500 mandatyň 250-si, Nikaraguada 91 mandatyň 47-si, Ruandada 80 mandatyň 49-y we Birleşen Arap Emirliklerinde 40 mandatyň 20-si zenan parlamentarilere degişlidir.
Jumagül ATAJANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
PDF









