Londonyň durmuşyň hili institutynyň barlag geçirijileri dünýäniň iň bagtly 200 şäheriniň sanawyny düzdi. Daniýanyň paýtagty birinji orny eýeledi. Netijede, Kopengagen ýaşamak üçin has oňaýly we rahat şäher boldy. Şeýle hem ilkinji bäşlige Sýurih (Şweýsariýa), Singapur, Orhus (Daniýa) we Antwerpen (Belgiýa) girdi. .
Bilermenler şäherlere alty görkeziji boýunça baha berdiler: umumy abadançylyk (bilim, hökümetiň goldawy, ýaşaýyş jaýy), dolandyryş (maglumatlaryň açyklygy, elektron hyzmatlary), daşky gurşaw (ýaşyl ýerler, arassa howa, gaýtadan işlemek), ykdysadyýet (JIÖ, işliligiň derejesi, saglyk (lukmançylyk, ruhy sagdynlyk, iş we şahsy durmuş balansy), hereket (ulag, hil, syýahat bahasy).