Dünýäniň dürli aşhanalaryna degişli tagamlar barada yzygiderli maglumat taýýarlaýan “Taste Atlas” platformasy ýer ýüzündäki iň lezzetli işdäaçarlaryň sanawyny taýýarlady. Sanawa 100 işdäaçar girizilipdir. Ortaýer deňziniň kenaryndaky Gresiýa baý aşhanasy bilen hem bellidir. Şol sebäpli sanawyň başyndaky iki orun – dakos we horýatiki atly işdäaçarlar bu ýurda degişli bolupdyr. Üçünji orny Gresiýanyň deňziň aňyrsyndaky goňşusy Tunise degişli bolan huriýa atly işdäaçar eýeleýär. Dördünji ýeri kapri (Italiýa) we bäşinji orny fettuş (Liwan) eýeläpdir. Şopska (Bolgariýa), peçel (Indoneziýa), paýhuangua (Hytaý), Antalýa piýazy (Türkiýe) we meçuýa (Tunis) ilkinji onluga giripdir.