“Çelsi” toparynyň ispaniýaly derwezeçisi Kepa Arrizabalaga Londonyň başga klubuna – “Arsenala” transfer boldy. “Arsenal” 30 ýaşyndaky derwezeçini 5 million funt sterlinge (5,9 million ýewro) transfer etdi. Kepa geçen möwsümi kärendesine oýnap, 31 oýunda derwezäni gorady (8 duşuşykda gol geçirtmedi). 2018-nji ýylda “Atletik Bilbaodan” transfer edilen Kepa üçin “Çelsi” 80 million ýewro töläpdi. Ol dünýäniň iň gymmat derwezeçisi bolupdy. Londonlylaryň düzüminde 163 oýnan Kepa Çempionlar Ligasynyň Kubogyny gazandy. 2023/24 möwsümini “Real Madridde” kärendesine geçiren Kepa bu klubda-da Çempionlar Ligasynyň kubogy bilen bir htarda “La Liganyň” hem çempiony bolupdy.
Esasy Sport Transfer täzelikleri Dünýäniň iň gymmat derwezeçisi Londonyň beýleki klubuna transfer boldy