Dünýäniň iň meşhur uniwersitet kitaphanalary

316

Dün­ýä­niň haý­ran gal­dy­ry­jy uni­wer­si­tet ki­tap­ha­na­la­ry glo­bal bi­lim ul­ga­my­nyň ösü­şin­de aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. Dün­ýä bel­li uni­wer­si­tet ki­tap­ha­na­la­ry di­ňe ar­hi­tek­tor­la­ry­nyň özü­ne çe­ki­ji di­zaý­ny bi­len däl-de, iç­ki di­war­la­ry­nyň be­ze­gi, te­bi­gy yşyk­lan­dy­ry­şy we on­lar­ça ýyl­lyk me­bel­le­ri bi­len hem oky­jy­la­ry özü­ne çek­ýär. XV asyr­da gur­lan köp ki­tap­ha­na bi­na­sy bol­sa, üçek­le­ri­niň şe­ki­li, eý­wan­la­ry bi­len özü­ne çek­ýär. Dür­li dil­ler­dä­ki ga­dy­my ki­tap­la­ra baý­ly­gy we oky­jy­la­ra adat­dan da­şa­ry yl­ham be­ri­ji güý­ji se­bäp­li gi­je­si­ni bu ki­tap­ha­na­lar­da ge­çir­ýän­ler az däl. Asyr­lar bo­ýy kä­bir aka­de­mi­ki eda­ra­lar ki­tap­ha­na­la­ry­nyň ta­lyp­la­ra yl­ham ber­me­gi üçin köp se­riş­de sarp edip­dir­ler. My­sal üçin, Çi­ka­go uni­wer­si­te­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry döw­re­bap ki­tap­ha­na­ny gur­mak üçin dün­ýä bel­li ne­mes-ame­ri­kan bi­na­gä­ri Hel­mut Ýa­na ýüz tu­tup­dyr­lar. 1891-nji ýyl­da gur­lan ki­tap­ha­na­nyň dar, em­ma uzyn okal­ga za­ly­nyň iki ta­ra­pyn­dan uly pen­ji­re­ler göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Za­lyň pe­ti­gi dür­li na­gyş­lar bi­len be­ze­lip­dir.
Dün­ýä bel­li Ar­hi­tek­tor Frank Fur­ness ta­ra­pyn­dan 1890-njy işe gi­ri­zi­len Pen­sil­wa­ni­ýa uni­wer­si­te­ti­niň Fi­şer adyn­da­ky çe­per­çi­lik ki­tap­ha­na­sy bol­sa, 1972-nji ýyl­da ta­ry­hy ýer­le­riň mil­li sa­na­wy­na go­şu­lyp­dyr.
Oks­ford uni­wer­si­te­ti­niň Bod­li­an ki­tap­ha­na­sy­ny bol­sa ta­ry­hy ki­tap­ha­na­la­ryň mer­ke­zi diý­mä­ge esas bar. Se­bä­bi bu bi­na 1602-nji ýyl­da gur­lup, okal­ga zal­la­ry bi­len oky­jy­la­ry haý­ran gal­dyr­ýar. Ki­tap­ha­na­nyň gün­de­lik 4 müň­den gow­rak oky­jy­sy bar.
Bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ki­tap­ha­na­la­ryň bi­ri hem ABŞ-nyň Wa­şing­ton uni­wer­si­te­ti­niň Sietl­dä­ki Suz­zal­lo ki­tap­ha­na­sy bo­lup, 1922-nji ýyl­da dö­re­di­lip­dir. 1915-nji ýyl­da okuw mek­de­bi­niň rek­to­ry Hen­ri Suz­zal­lo “uni­wer­si­te­tiň ru­hy” bol­jak tä­ze ki­tap­ha­na­ny gur­ma­ga gi­ri­şip­dir. 1926-njy ýyl­da bu okal­ga açy­lyp­dyr. Ki­tap­ha­na 1933-nji ýyl­da, Suz­zal­lo ara­dan çy­kan­dan soň­ra onuň ady da­ky­lyp­dyr.
2011-nji ýyl­da ulan­ma­ga ber­len Çi­ka­go uni­wer­si­te­ti­niň Jo we Ri­ka Man­sue­to ki­tap­ha­na­sy aý­na güm­me­zi bi­len da­şyn­dan se­re­de­niň­de hem haý­ran gal­dyr­ýar. Bi­na­gär­li­ge de­giş­li bir­nä­çe baý­rak­la­ry alan des­ga giň zal­la­ry bi­len oky­jy­la­ry özü­ne çek­ýär. Tu­tuş­ly­gy­na aý­na güm­mez­den yba­rat bo­lan okal­ga te­bi­gy ýag­ty­lyk­dan iň köp de­re­je­de peý­da­lan­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Ni­der­land­lar­da­ky Ut­reht uni­wer­si­te­ti­niň ki­tap­ha­na­sy gur­lan­da döw­re­bap­ly­ga üns ber­lip­dir. Kub şe­kil­li bi­na­nyň üçe­gi pen­ji­rä meň­ze­ýär. Şeý­le hem bi­na­nyň äh­li ta­ra­py aý­na bi­len ör­tü­lip­dir. Bu bol­sa da­şa­ry­nyň yşy­gy­nyň okal­ga za­ly­na we ki­tap tek­je­le­ri­niň du­ran ýer­le­ri­ne en­di­gan ýaý­ra­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.

Sol­tan Mom­ma­do­wa, Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.