Adamlaryň aglaba böleginde howanyň yssy günlerinde gyş tebigatynda dynç almak, gezelenç etmek, konkide ýa-da lyžaly typmak ýaly meýiller döreýär. Munuň üçin bolsa, adatça buzly köşge ýa-da lyža meýdançalaryna gidilýär. Dünýäniň syýahatçylyk pudagynda ösen ýurtlaryň biri bolan Hytaýda geçen ýyl täsin taslama amala aşyryldy. 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Şençžen şäherinde «Huafa gar dünýäsi» (Qianhai Snow World) açylyp ulanmaga berildi. 100 müň inedördül metr meýdany eýeleýän bu toplum dünýädäki iň uly ýapyk lyža meýdançasy hasaplanýar. Göwrümi 11 futbol meýdançasyna barabar bolan gar dünýäsinde typylýan birnäçe ýodalar, oýun meýdançalary, gyşky söwda merkezleri we myhmanhana bar. Şençžen şäheriniň subtropik howasyna laýyklykda gurlan bu bina ösen sowadyjy ulgamy we emeli gar ýasamak tehnologiýasy bilen üpjün edilipdir. Gyşky sport görnüşleri bilen meşgullanýanlaryň türgenleşik meýdançasyna öwrülen «Huafa gar dünýäsinde» 440 metrden gowrak uzynlykdaky,
83 metr beýiklikden aşak inýän professional lyža meýdançasynyň 5-si, halkara ýaryşlara niýetlenen gar ýodalary we howuz bar. Bu topluma açylan gününden bäri 1 milliondan gowrak adam barypdyr. Baýramçylyk günleri «Huafa gar dünýäsine» barýan myhmanlaryň sany 10 müňe golaýlaýar. 40 müň tonnadan gowrak polat gurnamadan gurlan sowuk toplumy dolulygyna aýlanmak üçin 6-7 sagat gerek bolýar.
Hytaýda lyža bilen meşgullanmak ýörgünli bolup, tebigy garyň az ýagýan sebitinde ýaşlary özüne çekýär. Indi hytaýly lyžaçylar daga ýa-da sowuk ýurtlara gitmezden, Şençžen şäherinde gyşky sport görnüşleri bilen meşgullanyp bilýärler. Şençžen şäherinde howanyň ortaça temperaturasy 22 derejede bolup, «Huafa gar dünýäsine» barmak üçin gitdigiçe sowaýan 6 gapydan geçmeli bolýar.
Dünýäniň iň uly ýapyk lyža meýdançasyna hoş geldiňiz!
PDF









