4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik iş hem-de onuň inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Kaka etrabynda ýerleşýän “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün edýän suw göteriji bekediň golaýyndaky ýörite meýdança gonýar.
Döwlet Baştutanymyz suw göteriji bekediň suw eltiji akabasynyň hem-de suw durlaýjy desgasynyň işini synlap, bu desganyň tehniki üpjünçiligi bilen gyzyklandy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew milli Liderimizi “Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň suw göteriji beketleriniň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Bu suw göteriji beket dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesi esasynda guruldy. Bu ýere ekinleri suwarmak üçin zerur bolan suw Garagum derýasynyň 630-njy kilometrinden tehnologiýalaryň soňky gazananlary bolan her biri 400 kilowatlyk 6 sany sorujy arkaly 1-nji suw bekedine gelýär.
Ondan soňra bu ýerden 12 kilometre golaý uzaklykda 61 metr beýiklikdäki 2-nji suw göteriji bekedine, ondan hem 10 kilometr uzaklykdaky 62 metr beýiklikde bolan 3-nji suw göteriji bekedine, soňra bolsa 5,5 kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýän 60 metr beýiklikdäki göwrümi 70 müň kub metr bolan merkezi suw howdanyna guýýar.
Soňra milli Liderimiz “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň 1-nji suw göteriji bekediniň işi bilen gyzyklandy. Wise-premýer E.Orazgeldiýew onuň önümçilik kuwwaty, wezipeleri hem-de tehniki häsiýetleri bilen tanyşdyrdy.
Kuwwatly göteriji enjamlaryň hereket edýän bekede suw Garagum derýasyndan öz akymyna gelýär. Suw geçiriji ulgamyň umumy uzynlygy 27,5 kilometre golaýdyr.
Gök we miwe önümlerini öndürmek üçin 1200 gektar ýer bölünip berildi
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň işi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän wideogörnüşler hem hödürlenildi. Ol miwe we beýleki gök önümleri öndürmek bilen meşgullanýar. “Gök bulut”, “Hemsaýa”, “Miweli atyz”, “Datly miwe” hojalyk jemgyýetleri onuň paýdarlary bolup durýar. “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetinde 345 iş orny döredildi.
Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, hojalyk jemgyýetleriniň – paýdarlaryň her birine uzakmöhletli ulanmak üçin Kaka etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň çäginden 300 gektar ýer bölekleri bölünip berildi. Gök, miwe önümlerini hem-de üzüm öndürmek üçin bölünip berlen ýerleriň umumy meýdany 1200 gektara barabardyr.
“Gök bulut” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kuwwaty ýylda 370 tonna hoz, 520 tonna alma, 120 tonna garaly, 140 tonna şetdaly, 1 müň 500 tonna armyt öndürmäge niýetlenendir.
“Hemsaýa” hojalyk jemgyýetinde ýylda 180 tonna badam hem-de 2 müň 100 tonna hurma öndürmek meýilleşdirilýär.
“Miweli atyz” we “Datly miwe” hojalyk jemgyýetleri hem badam öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Bu ýerde ýylda bu gymmatly önümiň degişlilikde 340 we 320 tonnasyny almak göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, görnüşi bilen baglylykda, badam ter görnüşinde azyk hökmünde ulanylýar, süýji-köke önümlerini taýýarlamakda, dürli tagamlary taýýarlamakda goşundylar hökmünde peýdalanylýar. Ondan şeýle hem badam ýagy, goýaltma we hatda süýt hem taýýarlanylýar.
Mundan başga-da, tutuş hojalyk jemgyýetleri boýunça gök önümleri we beýleki önümleri, şol sanda banan we sitrus önümlerini ýetişdirmek üçin ýöriteleşdirilen tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanany gurmak üçin 80 gektar ýer bölünip berildi. Onuň önümçilik kuwwaty ýylda 8 müň tonna barabardyr.
Hojalyk jemgyýetleriniň her birinde degişli inžener-tehniki düzüm döredildi, ýollar çekildi, sowadyjy ammary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça önümhanalary gurmak göz öňünde tutulýar.
Wideoşekillerde “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň suw hojalyk desgalary hem-de suwaryş ulgamy barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Damjalaýyn suwaryş ulgamy arkaly miweli agaçlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işi hem amala aşyrylýar.
Şeýlelikde, bu açyk paýdarlar jemgyýetiniň işi ýurdumyzyň bazarlaryny uly islegden peýdalanýan, tagamy hem-de saglyk üçin peýdalylygy bilen tapawutlanýan dürli ýokary hilli miwe önümleri bilen üpjün etmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän azyk harytlarynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir.
Soňra milli Liderimiziň garamagyna “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynyň ýerleşişiniň Baş meýilnamasy hem-de suw hojalyk ulgamyna degişli taslamalar hödürlenildi.
Wise-premýer E.Orazgeldiýew suw göteriji bekediň 1-nji, 2-nji we 3-nji desgalary boýunça umumy maglumatlary berdi. Suw bu ýerden suw howdanyna akdyrylýar we soňra damjalaýyn suwaryş ulgamy boýunça ekin meýdanlaryna barýar. Munuň özi suwuň tygşytly harçlanmagyna ýardam edýär, akabalaryň arassalygyny saklamaga mümkinçilik berýär. Ekin meýdanlaryny suwarmak işi awtomatlaşdyrylandyr we oňa sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär.
Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek, suw tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda suwdan netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda agrotehniki kadalara laýyklykda, gowaça we bugdaý ekinlerine ideg etmegiň barşy, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çäreler hem-de döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ekinleri suwarmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew TSTB-niň suw hojalyk desgalaryny gurmak, hususan-da, suwuň 35-50 göterim tygşytlanmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalaryň esasynda hereket edýän suw göteriji beketleriň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol suw degişli desgalaryň kömegi bilen Garagum derýasyndan 180 metr belentlige çykarylýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän sebitindäki işleriň ýagdaýy hem-de degişli pudaklarda alnyp barylýan işler suw hojalyk meselelerini çözmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi.
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde, şol sanda oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler we şunuň bilen baglylykda, suwdan rejeli peýdalanmagyň kämil usullaryny ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Suwy rejeli we netijeli ulanmak
Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň ünsüni oba hojalyk önümçiligi bilen baglanyşykly suw hojalyk meselelerine çekdi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda suw serişdelerini tygşytly ulanmak maksady bilen, ähli işleri – Amyderýadan gelýän suwy akdyrmakdan başlap, ony ekin meýdanlaryna ýetirmäge çenli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şu maksat bilen, öňdebaryjy usullaryň, bu ulgamda ylmy gazananlary hem-de dünýäniň iň gowy tejribesiniň esasynda düzümleýin desgalary gurmak boýunça işleri dowam etmek wajypdyr.
Milli Liderimiz şeýle hem türkmen telekeçileriniň ýurdumyzda iri taslamalary hem-de özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz telekeçileriň öz işinde innowasiýalardan, sanly ulgamy, ylmy-tehnologik gazananlary iş tejribesine giňden ornaşdyrmakdan ugur almalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, oba hojalygyny durnukly ösdürmek hem-de azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, tygşytlaýjy tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni we bu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak zerurdyr.
Suw serişdelerini dolandyrmaga, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, täze pudaklaýyn desgalary, suwaryş ulgamlaryny gurmaga toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşme zerurdyr. Ekin meýdanlary suwarylanda, ekinleriň dürli görnüşleri üçin suwuň sarp edilişini hem-de ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda suw meselesine uzakmöhletli geljek üçin umumydünýä ösüş meýilnamalaryndan üzňelikde garamagyň mümkin däldigini belledi. Şoňa görä-de, Türkmenistan sebit we ählumumy derejede “Suw diplomatiýasyny” ilerletmek, suw meselelerine halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, özara hormat goýmak we bähbitleri nazara almak esasynda hem-de abraýly halkara guramalaryň gatnaşmagynda garamak hem-de çözmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, degişli ýolbaşçylara häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna daýanyp, suw hojalyk meselelerini çözmäge hem-de bu pudagy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz şeýle hem dürli oba hojalyk önümlerini, şol sanda gök önümleri we miweleri ýetişdirmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, gök önümleri gaýtadan işleýän ulgamyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de artdyrmak boýunça degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk hünärmenleri we alymlary bilen bilelikde işläp, Garagum derýasynyň suwunyň tygşytly peýdalanylmagyna möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu derýanyň ekerançylygy, bagçylygy, maldarçylygy, aýratyn-da, balykçylygy ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi we bu babatda birnäçe öwüt-ündewlerini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyny üstünlikli ösdürmek, onuň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin suwdan rejeli peýdalanmagyň wajypdygyny ýene-de bir gezek belläp, hemmelere öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi hem-de dikuçarda bu ýerden ugrady.