ABŞ-da NOMARS maksatnamasynyň çäklerinde işlenip düzülen dünýäde ilkinji ekipažsyz “USX-1 Defiant” gämisi suwa goýberildi. Uzynlygy 55 metr, 240 tonnalyk gämi awtonom ylmy missiýalar üçin niýetlenendir we kyn deňiz şertlerinde uzak möhletli wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr.
“Defiant”-yň gurluşyk işleri fewral aýynda tamamlandy we ýakyn günlerde port we açyk umman synaglaryndan geçer. Gämi emeli aň esasynda kompýuter görüşini we hereket dolandyryşyny birleşdirýän nawigasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Bu gämä dogry ugra gönükmäge we awtomatik usulda ýangyç guýmak ýaly çylşyrymly işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. NOMARS maksatnamasy gämi gurluşygyny büs-bütin özgerdýär. Bu çemeleşme, ony has ykjam we arzan edip, kyn howa şertlerinde durnuklylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
-Gämi üstünlikli suwa goýberildi we ýakyn günlerde deňiz synaglaryndan geçip, biziň gämileri awtonom dolandyrmaga bolan çemeleşmämiziň netijeliligini tassyklar. Biziň maksadymyz ekipažly gämiler bilen deňeşdirilende, has az çykdajy bilen deňiz missiýalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän ekipažsyz gämileriň flotuny döretmek – diýip, DARPA-nyň wekili aýtdy.
Deňiz robot tehnologiýasyndaky bu öňegidişlik, umman barlaglarynda we goranyş strategiýasynda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Awtonom gämileriň ulanylmagy diňe bir iş çykdajylaryny azaltman, eýsem missiýalaryň ygtybarlylygyny hem ýokarlandyrýar.