Maşk et­me­giň adam sag­ly­gy­na peý­da­ly­dy­gy hem­mä mä­lim­dir. Eý­sem, be­de­niň bir bö­le­gi­ni he­re­ket et­dir­mek, baş­ga bir ýe­ri­ňe peý­da­ly bo­lup bi­ler­mi? Soň­ky ge­çi­ri­len bar­lag­lar mu­nuň peý­da­ly bo­lup bil­jek­di­gi­ni gör­kez­di. ABŞ-nyň Te­has uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry el bi­len edil­ýän maşk­la­ryň dyz­da­ky agy­ry­ny aýyr­ma­ga peý­da­ly­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Bar­la­gy ge­çir­mek üçin dy­zy agyr­ýan 60 ze­nan we er­kek meý­le­tin­çä dür­li maşk­lar et­di­ril­di. Ne­ti­je­de, her gün 20 mi­nut yzy­gi­der­li maşk eden ada­myň dyz agy­ry­sy­nyň aza­lan­dy­gy anyk­lan­dy. Bu tej­ri­bä­niň 2025-nji ýy­la çen­li do­wam et­di­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di. Tej­ri­bä­niň ne­ti­je­sin­de el bi­len edil­ýän maş­kyň we­lo­si­ped sür­mek­den peý­da­ly­dy­gy ýa-da däl­di­gi hem öw­re­ni­ler.
Şeý­le hem alym­lar mun­dan ozal ge­çi­ri­len el bi­len edi­len maş­kyň ýö­re­mek­den has peý­da­ly­dy­gy­ny öňe sür­ýän ozal­ky yl­my bar­la­gy su­but et­mek­çi bol­ýar­lar.
Luk­man­lar 20 mi­nut el maş­ky­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ren ada­myň özü­ni has şäh­da­çyk duý­ýan­dy­gy­ny, şol se­bäp­li be­de­niň is­len­dik ýe­rin­dä­ki agy­ry­ny hem az duý­ma­gy­na se­bäp bo­lup bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Her ni­çik-de bol­sa, özü­ňe ag­ram sal­maz­dan, ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len is­len­dik maş­kyň hem adam sag­ly­gy üçin peý­da­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär.

Aý­bö­lek GAR­LY­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.