Nýu-Ýorkuň Kolumb uniwersitetinde žurnalistika, edebiýat we saz ugrundan berilýän iň abraýly amerikan baýragy “Pulitser” baýragynyň 2025-nji ýyldaky ýeňijileri mälim edildi. Baýragyň eýeleri aprel aýynda mälim edilýän hem bolsa, baýrak gowşurylyş dabarasy ýarym ýyl soň geçirilýär.
Şu ýylky baýraklara Nýu-Ýorkdaky žurnalistiki barlaglar bilen meşgullanýan “ProPublica” täjirçilik däl guramasy, hem-de “The Washington Post”, “The New York Times”, “The Wall Street Journal” ýaly gazetler mynasyp boldy. Şeýle hem, “Reuters” agentligi we “The New Yorker” žurnaly baýrakly orunlara mynasyp boldular. Edebiýat nominasiýasynda iň gowy roman hökmünde Persiwal Ewerettiň “Jeýms” romany baýraga mynasyp boldy.
Pulitser baýragynyň ýeňijilerini Kolumbiýa uniwersitetiniň ýörite eminleri tarapyndan kesgitlenýär. Iň abraýly baýrak her ýyl 20 ugur boýunça berilýär. Şu ýyl baýragyň eýeleri 109-njy gezek mälim edildi.
“Pulitser” baýragy 1917-nji ýylda esaslandyryldy. Edebiýat we saz ugrundan diňe ABŞ-nyň raýatlary, žurnalistika ugrundan bolsa, eserleri amerikan habar beriş serişdelerinde çap edilen beýleki ýurtlaryň wekilleri hem bäsleşip bilýärler. Bu baýrak amerikan žurnalisti, asly wengriýaly neşirýatçy Jozef Pulitser (1847-1911) tarapyndan esaslandyryldy. Öz wagtynda Ernest Hemingueý, Margaret Mitçell, Harper Li, Toni Morrison, Jon Apdaýk we Tennessi Uilýams ýaly amerikan nusgawy ýazyjylar bu baýragyň ýeňijisi boldular.