Eme­li aň ul­ga­myn­da­ky ösüş­ler

98

Soň­ky dö­wür­de teh­no­lo­gi­ýa dün­ýä­sin­de eme­li aň ul­ga­myn­a has köp üns ber­lip baş­lan­dy. Bu ugur­da tä­ze kom­pa­ni­ýa­lar dö­re­di­lip, ola­ryň iş­läp düz­me­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet berilýär. Komp­ýu­ter prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi dün­ýä­si­niň ägir­di «Micro­soft» kom­pa­ni­ýa­sy bu ugur­da bir­nä­çe ma­ýa go­ýum­la­ry öz­leş­dir­di. Ame­ri­kan teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň «G42» eme­li aň star­ta­py üçin 1,5 mil­liard dol­lar ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni gö­nük­dir­me­gi mak­sat edin­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de BAE-niň bu kompaniýasy özü­niň eme­li aň iş­läp düz­me­le­ri­ni ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Azu­re» bu­lut teh­no­lo­gi­ýa plat­for­ma­sy bi­len ama­la aşy­rar. Şeý­le­lik­de, bu kom­pa­ni­ýa­lar bi­le­lik­de Ýa­kyn Gün­do­gar, Mer­ke­zi Azi­ýa we Af­ri­ka ýurt­la­ry üçin ösen eme­li aň we san­ly inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­lar­lar.

Aý­şat DÖW­RA­NO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.