17-19-njy iýunda Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we döredijilik hem-de kreatiw industriýalaryny ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy.
Çärä Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Belarusuň Premýer-ministri Aleksandr Turçin, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezidentiň Diwanynyň Ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew gatnaşdylar.
Bu çäre medeni gatnaşyklary berkitmegiň, umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamagyň, döwletara ynsanperwer dialogyny ösdürmegiň, şeýle hem döwrebap halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde döredijilik we kreatiw industriýalary öňe sürmegiň möhüm meselelerine bagyşlandy.
Maslahatynyň umumy mejlisi «Medeniýetleriň özara gatnaşygy: mirasy gorap saklamak we häzirki zaman dünýäsinde ählumumy dialog» mowzugyna bagyşlandy. Oňa gatnaşyjylar çalt üýtgeýän dünýä şertlerinde umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, şeýle hem ýurtlaryň arasynda medeni we ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini amaly taýdan ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň maksatnamasynda «Medeniýetara dialog: däp-dessurlar, häzirki zaman manylary we hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri» atly panel pikir alyşmalaryna hem aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar kino sungaty, teatr, kitaphana we muzeý işi, saz medeniýeti, şeýle hem döredijilik bilimi ugurlaryndaky özara gatnaşyklaryň häzirki meýilleri we geljegi barada pikir alyşdylar.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga, döwletara dialogy ösdürmäge we hyzmatdaşlygyň häzirki zaman görnüşlerini öňe sürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistanyň «açyk gapylar» syýasatyna we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, medeniýete halklary birleşdirýän, ynamy, özara düşünişmegi we hormaty pugtalandyrýan «altyn köpri» hökmünde garaýandygy nygtaldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmäge, şeýle hem GDA-nyň giňişliginde bilelikdäki başlangyçlary goldamaga ygrarlydygyny görkezýär. Türkmen tarapy özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, medeni alyş-çalyşlary giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary goldamaga, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýet, bilim edaralarynyň we döredijilik jemgyýetleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanýandygyny tassyklady.
PDF









