Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy, amala aşyrýan maýa goýum syýasaty onuň halkara şertnamalara, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, şonuň bilen birlikde-de döwleti ösen derejelere çykarmaga niýetlenip düzülen milli maksatnamalara ygrarly bolup galýandygyndan habar berýär. Döwletiň içeri we daşary syýasatyndaky durnuklylyk dünýä döwletleriniň dürli görnüşdäki maýa goýujylaryny ýurdumyza çekmekde uly orun eýeleýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan nebitgaz pudagyny ösdürmekde daşary ýurt maýasyndan üstünlikli peýdalanylýar. Ýurdumyzda gazyň we nebitiň gaýtadan işlemekde öz mümkinçiliklerini işjeň özleşdirilmegi geljekde uglewodorod serişdeleriniň eksportyndan alynýan peýdanyň artjakdygyny görkezýär.
Özara bähbitli, ynanyşmaga daýanýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge isleg bildirýän ýurtlar we kompaniýalar bilen konstruktiw gepleşikleri ýola goýmak ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Sebitara taslamalar bolan Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijileri diňe bir energiýa geçirijisi bolman, eýsem, Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşiniň şahalaryna öwrüler. TOPH bolsa Günorta – Gündogar Aziýanyň ykdysadyýetine täsir etjek täze bir ugurdyr. Türkmenistanyň amala aşyran we aşyrýan şeýle iri taslamalary halkara maliýe guramalary tarapyndan goldanylýandygyndan, energetika diplomatiýasynyň halkara syýasatda we işewürlikde ykrar edilýändiginden habar berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň dünýäde oňyn garşylanan energetika howpsuzlygy bilen baglanyşykly başlangyçlary bir ýurt ýa-da bir sebit bilen çäklenmeýär. Ol halkara ýa-da dünýä energetika howpsuzlygy bilen hem gönümel ýa-da gytaklaýyn baglanyşyklydyr. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň we Milletler Bileleşiginiň ýöredýän syýasatlary, çykarýan kararlary bilen tanyş bolanyňda-da göz ýetirmek bolýar. Häzirki zaman dünýäsiniň ýagdaýlaryny nazara alanyňda bu başlangyçlaryň zerurlyk bolup durýandygyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul eden «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnamalaryndan hem görmek bolýar.
Ýurdumyzyň maýa goýum maksatnamalarynda nebitgaz pudagyna aýratyn orun berilmegi döwlet Baştutanymyzyň parasatly sebit syýasatynyň geoykdysady we geosyýasy ähmiýetini hem artdyrýar. Pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze toplumlary gurmaga berilýän ýokary ähmiýet bolsa dünýä döwletleriniňdir maliýe institutlarynyň, halkara kompaniýalaryň ýurdumyza maýa goýmagynda täsirli gural bolup durýar. Sebäbi ýangyjy gaýtadan işlemegiň möçberini artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek, Hazar deňziniň türkmen bölegini we «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek bilen baglanyşykly işlerde ulanylýan sanly tehnologiýalaryň tutuş toplumynyň giňeldilmegi, şeýle-de 3D-modelirlemek usullarynyň ulanylmagy maýa goýujylarda ynamy artdyrýar.
Umuman aýdylanda, Türkmenistan tebigy baýlyklaryny diňe bir öz bähbitleri üçin ulanmaga çalyşman, eýsem, goňşy halklaryň bähbitlerine, hatda dünýä halklarynyň parahatçylygynyň hatyrasyna hyzmat etdirmäge ymtylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir.
Maýagözel BABAÝEWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.
PDF









