Tamamlanyp barýan FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda ilkinji finalçy belli boldy. Nýu Jersidäki “MetLife” stadionynda oýnalan ýarym finalyň 1-nji duşuşygynda Angliýanyň “Çelsi” kluby Braziliýanyň “Fluminense” toparyndan 2-0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykdaky gollaryň 2-sini hem “Çelsiniň” täze transferi Žoao Pedro geçirdi. Ilkinji gezek esasy düzümde çykan braziliýaly hüjümçi 18-nji hem-de 56-njy minutlarda tapawutlanmagy başardy. Pedro ýetginjeklik ýyllarynda “Fluminense” klubunda oýnapdy. Şunlukda, “Çelsi” topary FIFA Klublar Dünýä Kubogynyň ilkinji finalçysy bolmagy başardy.

“Çelsi” topary şu ýaryşyň çäginde 3-nji gezek brazil klublar bilen duşuşdy. Londonlylar toparçada “Flamengo” bilen duşuşyp, 3-1 hasabynda ýeňlipdi. Çärýek finalda bolsa “Çelsi” “Palmeiras” toparyny ýeňdi (2-1).

“Çelsiniň” finaldaky garşydaşy PSŽ ýa-da “Real Madrid” topary bolar. PSŽ bilen “Real Madrid” klublary şu gije (00:00) Nýu Jersidäki “MetLife” stadionynda finala çykmak üçin özara göreşerler.

Final oýny ýekşenbe güni, ýagny 13-nji iýuldan 14-nji iýula geçilýän gije oýnalar. Duşuşyk 00:00-da başlanar.