Dünýä Kubogynda “E” toparçada Germaniýanyň ýygyndysy bilen ilkinji gezek gatnaşýan Kýurasaonyň ýygyndysy duşuşdy. Hýustondaky NRG Stadium-da oýnalan duşuşygyň 6-njy minutynda Nmeçanyň goly bilen nemesler öňe saýlandy. Oýnuň 21-nji minutynda Liwano Komenensiýa garaşylmadyk ýagdaýda hasaby deňledi. Bu gol Kýurasaonyň Dünýä Kubogyndaky ilkinji goly bolup, ol ýurduň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. 38-nji minutda germaniýaly Şlotterberk tapawutlandy. Oýnuň 45+5-nji minutynda bolsa Kai Hawerts eminiň bellän penaltisini dürs urup, hasaby 3-1-e ýetirdi. 2-nji ýaryma-da gol bilen başlan nemeslerden Musiala 4-nji pökgini debýutant toparyň derwezesinden girizdi. 68-nji minutda Nataniel Brawn aratapawudy 4 gola çykarsa, oýna soň goşulan Deniz Undaw 78-nji minutda 6-njy goly öz adyna ýazdyrdy. Duşuşygyň 88-nji minutynda Hawerts 2-nji gezek tapawutlanyp, oýna soňky nokady goýdy. 7-1 hasabynda üstün çykan Germaniýa çempionata uly hasaply ýeňiş bilen başlady. Netijede, çempionatyň iň ýaş tälimçisi bilen iň ýaşuly tälimçisiniň arasyndaky oýunda olaryň ilkinjisi ýeňiş gazandy. Dik Adwokat diňe bir şu çempionatyň däl eýsem, Dünýä Kubogynyň taryhyndaky iň ýaşuly tälimçi bolmagy başardy (78 ýaş 257 gün).
Şu asyrdaky Dünýä Kubogynyň çäginde 7 we 7-den köp gol geçirilen 5-nji oýunda 3-nji gezek bu görkezijä ýetmegiň hştdesinden geldi. Germaniýa soňky gezek 2014-nji ýylda Braziliýany 7-1 hasabynda utupdy.
Şeýle-de, Germaniýanyň Dünýä Kubogynyň çäginde geçiren gollarynyň sany 239-a ýetip, olar 238 golly brazillerden öňe geçdi.
“E” toparça
GERMANIÝA – KÝURASAO: 7-1
Nmeça 6, Şlotterbek 38, Hawerts 45+5′ (p), 88, Musiala 47, Brawn 68, Undaw 78 – Komenensiýa 21
PDF









