13-nji sentýabrda Arkadag şäherinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlise gatnaşyjylar “Arkadag” binasynyň çägindäki meýdança ýygnandylar. Bu ýerde Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki “Pilbergen” atçylyk sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli dabaraly konsert guraldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maşgala agzalary bilen bilelikde konserte tomaşa etmäge gelmegi ajaýyp künjekde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli dabaralaryň derejesini has-da belende göterdi. Munuň özi ýurdumyzda peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowamata atarylýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi.

Döwlet Baştutanymyz çäreleriň guramaçylyk derejesine ýokary baha berip, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy ugrunda zerur tagallalary edýändiklerini belledi we olara alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Behişdi bedewleriň şanyna Arkadag şäherinde guralan dabaralar ýurdumyzda şöhratly seýisleriň asylly ýörelgeleriniň ösdürilmegi arkaly bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezdi.

Soňra joşgunly konsert feýerwerkleriň ajaýyp öwüşgini bilen utgaşdy. Tyllaýy agşamda Arkadag şäheriniň asman giňişligini bezän bu şekiller çärä gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýerden ugrady.