13-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşlar bar.
Mejlise gatnaşyjylar ilki Ruhyýet köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Giň möçberli gözden geçirilişde türkmen halkynyň taryhyna we şu günki ýeten derejesine, ösüşleriň belentliklerine tarap gadam urýan ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşine bagyşlanan gymmatlyklar görkezildi. Amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary sergä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Şunda bedew esbaplaryna, şaý-seplerine hem möhüm orun berildi.
Soňra “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis öz işine başlady. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň buýsanjy” atly täze goşgusynyň okalmagy dabara gatnaşyjylarda aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi. Köşgüň ajaýyp sahnasyndaky monitorda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda ýetilen sepgitler, halkara hyzmatdaşlyk bilen bagly ähmiýetli wakalar şöhlelendirildi.
“Dokmaçylar” medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Gahrymany Annajemal Nurmuhammedowanyň ýerine ýetiren joşgunly aýdymy dabara özboluşly bezeg berdi.
Mejlisde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew hem çykyş etdi. Çykyşda bellenilişi ýaly, çeperçilik akademiýasynda talyplara bilim bermek işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda-da uly meşhurlyk gazanan ussat heýkeltaraş häzirki döwürde sungat äleminde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini aýtdy. S.Babaýew ýaşlaryň arasynda sungatyň heýkeltaraşlyk ugruna höwes bildirýänleriniň köpdügini nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryndan, atalyk maslahatlaryndan ruhlanyp, talyp ýaşlaryň saýlap alan hünäri boýunça belent derejelere ýetmegi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýändigine ünsi çekdi.
Soňra ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa söz berildi. Ol çykyşynda häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ç.Rustemowa paýhasly pederlerimiziň we zähmetsöýer halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň halkara derejede ykrar edilýändigini, munuň şöhraty dünýä dolan Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygyny alamatlandyrýandygyny nygtady.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon öz çykyşynda ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda alnyp barylýan işlere, atlar üçin döredilen şertlere ýokary baha berdi. Nygtalyşy ýaly, Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň köp sanly ýurtlarynda ahalteke bedewlerini saklamak, olary ösdürip ýetişdirmek, atlary iri bäsleşiklere gatnaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Soňra Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň baş baýragyna mynasyp bolan atyň eýesi, fransiýaly atşynas Odri Martinesiň wideoýazgy arkaly çykyşy diňlenildi. Ol çykyşynda öz atynyň dünýä giňişliginde belent şöhrata eýe bolan ahalteke bedewleriniň arasyndaky dünýä çempionatynyň baş baýragyna mynasyp bolmagynyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Atşynas Türkmenistanda bu pudagy ösdürmek babatda döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen halkara at çapyşyklaryna, onda ýurdumyzdan ýeňiji bolan çapyksuwarlara bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.
Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grandyň çykyşy ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlygyna bagyşlandy. Golaýda wezipesine girişen diplomatyň çykyşy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň baş baýragyna mynasyp bolan fransiýaly atşynasyň baýrak alyp duran pursatlaryndan wideoşekiller bilen utgaşdy.
Soňra Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Wiktor Maýko çykyş etdi. Diplomatyň belleýşi ýaly, dürli döwürleridir nesilleri baglanyşdyrýan ahalteke bedewleri häzirki döwrüň parahatçylykly gatnaşyklarynyň nyşany hasaplanýar. W.Maýkonyň çykyşy Kronenberg şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda ukrainaly atşynaslaryň baýrak alýan pursatlaryndan wideoşekiller bilen utgaşdy.
Halkara mejlis Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejiniň çykyşy bilen dowam etdi. Diplomat çykyşynda ata Watany Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň dünýä dolmagynyň buýsandyryjy ýagdaýdygyny aýtdy. Türkiýeli diplomatyň çykyşynyň dowamynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Stambul şäherinde geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda eden çykyşlaryndan wideoşekiller görkezildi.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowyň çykyşy diňlenildi. Çykyş “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Bakudaky çykyşlaryndan wideoşekiller bilen utgaşdy.
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň çykyşynyň dowamynda bolsa monitorda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçirilen halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşan türkmen bedewleriniň çykyşlaryndan pursatlar görkezildi. Ilçiniň sözlerine görä, Türkmenistanda medeni mirasy gorap saklamak ugrunda edilýän tagallalar ýokary baha mynasypdyr.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Lilianna Annaýewa öz çykyşynda bilim ojagynda atçylyk boýunça geçilýän sapaklary has çuňňur özleşdirmegiň meseleleri barada durup geçdi.
Soňra “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren halkara mejlisde beýan edilen pikirdir teklipler barada giňişleýin pikir alyşmalar boldy.
PDF








