Sözleýiş sungaty adamzat kalbynyň iň belent döredijilik baýlygydyr. Ýöne söz diňe dilden aýdylsa, wagtyň tolkunlarynda ýitip gitmegi mümkin. Şonuň üçin ynsan öz pikirini, duýgusyny, paýhasyny galam arkaly kagyza ýazyp, nesillerden nesillere ýetirmegi başardy.
Galam – diňe bir ýazyş gurallaryndan däldir. Ol ylmyň çeşmesi, edebiýatyň ganaty, sungatyň mähriban guraly bolup çykyş edýär. Her harpyň yzynda akyl bar, her sözde ýürek bar, her setirde bolsa jemgyýetiň taryhy saklanyp galýar. Galam bilen ýazylan sözler diňe kagyza däl, eýsem ynsanlaryň kalbyna-da siňýär.
Sözleýiş sungaty bilen galam birleşende, ýürekden çykýan owaz kagyza geçýär, pikirler şekillenýär, dünýäniň beýleki künjegindäki okyjy bilen hem aragatnaşyk mümkin bolýar.
Galam – ynsanyň kalbynyň, akylynyň we ruhunyň aýnasy. Ýazyjy üçin galam döredijilik çeşmesidir, alym üçin ylmy açyşlaryň nyşanydyr, mugallym üçin bolsa terbiýäniň ýolbeledidir.

Ajap Rejepowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Žurnalistika kafedrasynyň mugallymy.