Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda möhüm işler amala aşyrylýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejelere göterilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzdaky düýpli özgerişlikleriň bir ugry ulag-üpjünçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Ulag-ýol ulgamynyň önümçilik mümkinçilikleri artdygyça ýollarymyzdaky oňyn mümkinçilikler hem artýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek, ulag toplumynyň gerimini we mümkinçiligini giňeltmek, hususanda deňiz we derýa ulaglarynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzda täze agyr senagaty bolan gämi gurluşyk pudagyny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda möhüm çäreleriň biri boldy. Bu zawodlar toplumynda ýük göterijiligi 6100 tonna bolan ýük gämileriň gurluşygynyň nobatdaky tapgyry amala aşyrylyp, esasy böleklerini gurnamak işlerine girişildi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini bilelikde gurmak barada şertnama gol çekildi. Agzalýan resminama Türkmenistanyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.
Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň awgust aýynda ilkinji gämileriň gurluşygyna başlanyp, 2024-nji ýylyň 11-nji noýabrynda gämi gurluşygynda möhüm tapgyra ýetildi – gurulýan gämileriň ilkinji bloklary gurluşyk meýdançasyna çykaryldy. Bu tapgyr zawodyň hünärmenleriniň kämilliginiň we ulanylýan tehnologiýalaryň netijeliliginiň subutnamasy bolup durýar.
Daýanç HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.