Dün­ýä­niň iň geç­gin­li ha­ryt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ko­fe­niň sag­ly­ga peý­da­sy ba­ra­da yzy­gi­der­li bar­lag­lar ge­çi­ril­ýär. Go­laý­da hem şeý­le bar­lag­la­ryň bi­ri­niň ne­ti­je­le­ri ýaý­ra­dyl­dy. 10 ýy­lyň do­wa­myn­da 40 müň adam­da ge­çi­ri­len bar­lag­da içil­ýän wag­tyna gö­rä kofeniň tä­si­ri bar­la­nyp­dyr. Ne­ti­je­de, ko­fe­ni ir bi­len iç­me­giň has peý­da­ly­dy­gy ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dyr. Gü­ne ko­fe bi­len baş­la­mak ýü­re­giň sag­ly­gy­na has ýa­ram­ly eken. Bi­ler­men­le­riň bel­le­megi­ne gö­rä, gü­nüň do­wa­myn­da ko­fe iç­mek­ ir­den içi­len ko­fe­niň tä­si­ri­ni azald­ýar. ABŞ-nyň Tä­ze Or­le­an şta­tyn­da­ky Lui­zi­na­nyň Tu­leý uni­wer­si­te­ti­niň bi­ler­me­ni, pro­fes­sor Lu Si esa­sy za­dyň ko­fe içip, iç­mez­lik ýa-da nä­çe­räk iç­mek­lik däl-de, gü­nüň haý­sy wag­tyn­da içi­len­di­gi­niň äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aýd­ýar. Ol hä­zir­ki wagt­da die­to­log­la­ryň ko­fe­niň wag­ty ba­ra­da mas­la­hat ber­me­ýän­dik­le­ri­ni, em­ma gel­jek­de şeý­le mas­la­ha­tyň ber­lip bi­lin­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Yl­my bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri «Eu­ro­pe­an Heart Jo­ur­nal» ne­şi­rin­de çap edil­di.

Ogul­sa­dap DUR­DY­ÝE­WA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.