Dur­muş­da köp­le­riň her gün di­ýen ýa­ly ga­bat gel­ýän how­sa­la­ly ýag­daý­la­ry­nyň bi­ri-de «Ga­py­ny gulp­la­dym­my ýa-da gulp­la­ma­dym­my?» so­ra­gy­dyr. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­çe, bu şüb­he­li duý­gy ada­ty ýag­daý bi­len bag­ly däl. Eý­sem, nä­me üçin bu so­rag bi­zi has köp pi­kir­len­mä­ge we şüb­he dö­ret­mä­ge mej­bur ed­ýär?!
Ga­py­ny gulp­la­dy­ňyz, aça­ry jü­bi­ňi­ze ýa-da tor­ba­ňy­za sal­dy­ňyz we lif­te gir­di­ňiz. Hem­me zat go­wy ýa­ly­dy, ýö­ne bir­den­kä ýe­ne-de şol so­rag aňy­ňyz­da gaý­ta­lan­dy: «Men ha­ky­kat­dan hem, ga­py­ny gulp­la­dym­my?!». Ga­py­ny gulp­lan­dy­gy­ňy­zy ýa­dy­ňyz­da sak­la­sa­ňyz-da, şol bir ta­nyş how­sa­la içi­mi­ze dü­şen­den soň, yzy­ňa öw­rü­lip, ga­py­ny gaý­ta­dan bar­la­maz­lyk müm­kin däl. Köp­lenç özü­mi­zi gü­nä­kär­le­ýän ýa-da ýa­dyň gow­şak­ly­gy bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ýan bu ýag­daý, as­lyn­da pi­kir edi­şi­miz ýa­ly däl. Psi­ho­log­lar bi­zi ýa­rym ýol­da sak­la­ýan bu şüb­hä­niň beý­ni­mi­ziň gün­de­lik iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rip, ýaz­ga al­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Beý­ni adat­da­ky he­re­ket­le­ri jik­me-jik ýaz­ga al­ma­ýar. Ga­py­ny gulp­la­mak, çy­ra­la­ry öçür­mek, pe­ji sön­dür­mek ýa-da aw­tou­la­gy gulp­la­mak… bu­la­ryň äh­li­si bi­ziň her gün san­syz ge­zek ýe­ri­ne ýe­tir­ýän ada­ty he­re­ket­le­ri­miz­dir. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­çe, beý­ni ýa­şyň ulal­dy­gy­ça yzy­gi­der­li gaý­ta­lan­ýan bu he­re­ket­le­ri aw­to­ma­tik ýag­daý­da (pi­kir­len­mez­den we ýat­da sak­la­maz­dan) ýe­ri­ne ýe­ti­rip baş­la­ýar. Ün­süň köp bö­le­gi işe git­mä­ge, gü­nüň me­ýil­na­ma­la­ry­na ýa-da te­le­fon­da­ky ha­bar­la­ra gö­nük­di­ri­len­di­gi se­bäp­li, bu he­re­ket­ler beý­ni­de jik­me-jik ýa­zy­lyp gal­ma­ýar. Şol se­bäp­li is­len­dik adam ga­py­ny ha­ky­kat­dan hem gulp­lan bol­sa-da, bir­nä­çe mi­nut­dan soň ýa­dy­na dü­şür­män bi­ler.
Nä­me üçin yza gaý­dyp bar­la­mak is­le­ýä­ris?!
Il­ki­baş­da yzy­ňa gaý­dyp, ga­py­ny gulp­lan­dy­gy­ňy ýa­ňa­dan bar­la­mak lo­gi­ki çöz­güt ýa­ly gö­rünse-de, wag­tyň geç­me­gi bi­len bu ýag­daý ýat­keş­li­gi bo­lan yna­my pe­sel­dip baş­la­ýar. Ga­py­ny gulp­lan­dy­gy­ňy gaý­ta-gaý­ta bar­la­mak soň­lu­gy bi­len özü­ňe bo­lan yna­my hem gow­şad­ýar. Bi­ler­men­le­r bu ýag­da­ýyň ke­sel ala­ma­ty bi­len bag­ly däl­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Nä­dip öňü­ni al­ma­ly?!
Ga­py­ny gulp­lan­dy­gy­ňy wag­tal-wag­tal bar­la­mak köp ýaý­ran he­re­ket­le­riň bi­ri­dir. Bu, esa­san hem, ada­myň stres­li, iş we ala­da bi­len has ba­şa­gaý dö­wür­le­ri ga­bat gel­ýär. Bi­ler­men­le­r şeý­le ýag­daý­lar­da how­sa­la düş­me­giň ýe­ri­ne özü­ňi kö­şeş­dir­me­gi, wagt­ly-wag­tyn­da dynç al­ma­gy hem-de uk­la­mak ter­ti­bi­ne üns ber­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Eger-de şüb­he­li ýag­daý­lar bir­nä­çe aý bä­ri do­wam ed­ýän bol­sa, psi­ho­log­lar­dan kö­mek so­ra­mak iň go­wy usul­dyr. Psi­ho­log­lar ta­ra­pyn­dan bel­le­nen dür­li be­jer­gi­le­ri al­mak hem-de kö­şeş­di­ri­ji maşk­lar bi­len meş­gul­lan­mak si­ziň özü­ňi­ze bo­lan yna­my­ňy­zy güýç­len­dir­mä­ge we özü­ňi­zi ra­hat duý­ma­gy­ňy­za ýar­dam eder.