Gar aras­sa­la­ýan ulag­lar il­kin­ji ge­zek 1792-nji ýyl­da ABŞ-nyň Nýu-Hemp­şir şta­tyn­da oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Tir­keg­li at ara­ba­nyň aşa­gy­na ga­ry sy­ryp gid­ýän ke­se­li­gi­ne tag­ta ber­ki­di­len bu en­ja­my ýö­ri­te iş­çi do­lan­dy­ryp­dyr. Oňyn ne­ti­je ga­za­ny­lan­soň, at ara­ba­sy­na uç­burç­luk gör­nüş­li tag­ta­lar da­ky­lyp, il­kin­ji gar aras­sa­la­ýan me­ha­nizm peý­da bol­ýar. Üç­burç­luk tag­ta ga­ry böw­süp, iki gyra ser­pik­dir­mek işi­ni ýe­ňil­leş­di­rip­dir.
1840-njy ýyl­lar­da ABŞ-da gar aras­sa­laý­jy de­mir ýol ulag­la­ry üçin pa­tent alyn­ýar. Üç­burç­luk şe­ki­lin­dä­ki gar aras­sa­laý­jy me­ha­nizm lo­ko­mo­ti­wiň öň ta­ra­pyn­da ýer­le­şip, ga­ry iki gy­ra ser­pik­di­rip­dir. 1913-nji ýyl­da «Go­od Roads Machi­ne­ry» kom­pa­ni­ýa­sy il­kin­ji gar aras­sa­la­ýan tir­ke­gi ön­dü­r­ýär. Tir­ke­giň ga­ba­ra­sy me­tal­dan ýa­sa­lyp, aşa­gy­na 180 de­re­je aý­lan­ýan po­lat ör­tük or­naş­dy­ryl­ýar. 1920-nji ýyl­lar­da mo­tor­ly ulag­la­ryň ýaý­rap baş­la­ma­gy bi­len, uly ýol­la­ra ni­ýet­le­nen gar sy­ry­jy ma­şy­n dö­re­dil­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da aý­lan­ýan çot­ga­lar bi­len ga­ry sü­pür­ýän, öňün­dä­ki sus­guç bi­len so­rup alyp, gap­da­la pürk­ýän ýa-da ýük ula­gy­nyň ga­ba­ra­sy­na guý­ýan, üý­şü­ri­len ga­ry du­ran ýe­rin­de ere­dip, la­gym ul­ga­my­na ak­dyr­ýan we baş­ga-de ulu­ly-ki­çi­li bir­nä­çe ýö­ri­te me­ha­nizm­ler peý­da bol­ýar.