9-njy ýanwarda Gazagystanyň halk ýazyjysy (1996), prozaçy, terjimeçi, publisist, orta asyr gazak poeziýasy boýunça hünärmen Muhtar Magauin 84 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada ýazyjynyň ogly Edige Magauin jemgyýetçilik torundaky sahypasynda habar berdi.
Muhtar Magauin 1940-njy ýylda Barşatas obasynda (Semipalatinsk oblasty) dünýä indi. Gazagystanyň filologiýa fakultetinde okap, 1965-nji ýylda žurnalistika karýerasyna başlady. Ol “Қазақ әдебиеті” gazetiniň tankyt bölüminiň redaktory wezipesinde we “Жазушы” neşirýatynda işledi. Ol Muhtar Auezow adyndaky Edebiýat we sungat institutynda mugallymçylyk etdi, şeýle hem Moskwanyň Edebiýat institutynda gazak halk döredijiligi boýunça ýörite sapak berdi. 1984-nji ýylda Abaý adyndaky Gazagystan SSR-iň döwlet baýragynyň eýesi boldy.
“Gök duman”, “Bahar garlary”, “Gazagystanyň taryhynyň elipbiýi”, “Kopuz mukamy”, “Şahan-Şer – gaplaň-adam” ýaly eserler Magauiniň iň meşhur kitaplarydyr. 1997-nji ýylda Muhtar Magauin “Türki dünýäsiniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” Türkiýäniň sungat we ýazyjylar gaznasynyň halkara baýragynyň eýesi boldy.