Saud Arabystany bilen Germaniýanyň arasynda energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk babatda ylalaşyk gazanyldy. Germaniýanyň SEFE kompaniýasy Saud Arabystanynyň “ACWA Power” kompaniýasyndan 2030-njy ýyla çenli ýyllyk 200 müň tonna “ýaşyl” wodorod satyn alar. Degişli ylalaşyga gol çekişlik dabarasyna Saud Arabystanynyň energiýa ministri Şazada Abdulaziz bin Salman bilen Germaniýanyň maliýe ministri Ýorg Kukis gatnaşdy.
Germaniýa energiýanyň täze arassa çeşmelerini üpjün etmek maksady bilen “ýaşyl” wodorodyň satyn alynmagyna üns berýär. Mundan ozal şeýle maksat bilen Braziliýa hem-de Norwegiýa bilen hem şertnama gol çekilipdi.
Wodorod iri senagat maşynlaryny, agyr ulag serişdelerini kuwwatlandyrmak we ýyladyş ulgamlary üçin iň amatly we zyýansyz ýangyç hasaplanýar. Germaniýa wodorodyň ulanylmagyna uly üns berip, diňe ýurduň içinde däl, halkara derejesinde hem dürli işleri alyp barýar. German hökümeti dürli çeşmelerden, dürli ýollar arkaly howa we tebigata zeper ýetirmezden alnan wodorod ýangyjyna artykmaçlyk berýär. Şol sebäpli ýurt wodorod bilen bagly ylmy-barlaglar hem ösdürilýär. Ýurt dünýäde “ýaşyl” wodorod tehnologiýasynyň öňdebaryjysy hem-de eksportçysy bolmagy maksat edinýär.