
Şu ýylyň birinji çärýeginde “Tesla” kompaniýasynyň girdejisi 24 göterim artyp, 23,3 milliard dollara ýetdi. Elektroulag öndürijisiniň arassa peýdasy 24 göterim azalyp, 2,5 milliard dollar boldy. Dünýäde pandemiýanyň yzda galmagy bilen, bäsdeşligiň artmagy netijesinde, harytlaryň bahasy hem arzanlady. Şeýlelikde, “Tesla” ýylyň başyndan bäri elektroulaglaryny alty gezek arzanlatmaly boldy.
Kompaniýa geçen ýylyň birinji çärýeginde 18,8 milliard dollarlyk girdeji gazanypdyr. Geçen ýylyň ýanwar-mart aýlarynda kompaniýanyň arassa peýdasy 3,3 milliard bolupdyr.
“Tesla” şu ýylyň birinji çärýeginde jemi 422 müň 875 ulag satypdyr. Degişli döwürde 440 müň 808 awtoulag öndüripdir. Şeýlelikde, bu döwürde önümçilik 44 göterim, ýerlän elektroulaglarynyň sany 36 göterim artypdyr.
Kompaniýa elektroulagyň bahasyna täsir edýän birnäçe faktoryň bardygyna ünsi çekip, önümçiligiň netijeliligini we logistikanyň özüne düşýän bahasyny peseltmek arkaly awtoulagyň bahasyndaky arzanlaşygyň dowam etmegine garaşylýandygyny belleýär.
Kompaniýanyň ABŞ-dan daşgary Germaniýanyň Berlin hem-de Hytaýyň Şanhaý şäherlerinde önümçilik desgalary bar. Amerikan kompaniýasy Meksikada hem zawod gurmagy meýilleşdirýär.
Gurbangözel Arçaýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF








