Hytaýyň Merkezi banky “e-CNY” atly sanly puluň ulanylýan çägini giňeldýär. Häzirki wagtda köp ilatly iri şäherlerde ýöreýän bu töleg serişdesiniň çygyry barha giňeýär. Ýurduň Gundun, Szýansu, Hebeý we Syçuan ýaly şäherlerinde synag maksady bilen ulanylýan sanly pul dolanyşyga giriziljek welaýatlarynyň arasyna ýene bir goşular. Ýurduň gündogaryndaky Szýansu welaýatynda geljek aýdan başlap döwlet işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň resmi sanly pul birligi bolan “e-CNY” (sanly ýuan) bilen tölenjekdigi mälim edildi. Bu ýerde 2022-nji ýyldan bäri 4 müň 900-den gowrak işgäriň goşmaça işlän wagtynyň zähmet haky elektron pul birligi bilen amala aşyrylýardy.
Şäheriň ýerli häkimiýeti 2022-nji ýyldan bäri tehnologiýa kompaniýalaryna käbir ýeňillikler bermek arkaly işgärleriň gatnaw we ýaşaýyş jaý üçin berilýän kömegini “e-CNY” bilen töleýär.
Welaýatyň ýolbaşçylary 2025-nji ýyla çenli sanly puluň ulanyş ýerlerini artdyryp, taslamalary durmuşa geçirmek üçin guralýan bäsleşikleriň, salgyt we kömek pullary, okuw saglygy goraýyş ýaly ugurlarda hem sanly puldan peýdalanmagy maksat edinýärler.
Hytaýda resmi sanly pul birligini durmuşa geçirmäge 2014-nji ýylda girişilipdi. Ilkinji gezek sanly pul 2020-nji ýylda dört welaýatda ulanyşa goýberildi.
Geçen ýyl bu puluň ulanyşy has ýeňilleşdirilip, elektron gapjyk hökmünde ulanyp bolýan mobil goşundy döredilipdi. Mobil goşundy jemi 12 şäherde we sebitde hyzmata hödürlenipdi.
Gültäç Amanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









