BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (UNCTAD) global söwdanyň geçen ýyl 3,7 göterim artyp, 33 trillion dollara ýetendigini, bu sanyň rekord görkezijidigini mälim etdi. UNCTAD söwda syýasaty we global söwda maglumatlaryny seljerip maglumat taýýarlady. Maglumatda halkara söwdanyň 1,2 trillion dollar artandygy bellenildi. Global söwdadaky ösüşiň tas 60 göterime golaýy hyzmatlar pudagyna degişli bolupdyr. Hyzmatlar pudagy ýylyň dowamynda 9 göterim ýokarlanyp, bu ösüşe 700 milliard dollarlyk goşant goşupdyr. Haryt söwdasy bolsa, 2 göterim artyp, global söwdanyň ösüşine 500 milliard dollar goşant goşupdyr.
Pudaklara aýratyn seredilende bolsa, oba hojalygy, azyk, aragatnaşyk tehnologiýasy we gatnaw pudaklaryndaky ösüş tizligi peselipdir.
Nury GARAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.