1-nji maýda paýtagtymyzdaky Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda türkmen opera sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, görnükli kompozitor Weli Muhadowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata medeniýet we sungat işgärleri, konserwatoriýanyň mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Çykyşlarda Garaşsyz Diýarymyzda şöhratly taryhymyzda yz goýan beýik şahsyýetlerimize belent sarpa goýulýandygy, şunda türkmen saz sungatynyň dünýä derejesindäki abraýyny belende göteren Weli Muhadow ýaly şahsyýetleriň döredijilik mekdebiniň ýaş nesiller üçin nusga bolup hyzmat edýändigi bellenildi.
Maslahatyň hormatly myhmany — Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew öz çykyşynda Weli Muhadowyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş türki dünýäniň saz sungatyna uly goşant goşan dünýä derejeli kompozitordygyny nygtady.
Weli Muhadowyň eserleri milli äheňleriň simfoniki mukamlar bilen utgaşmagynyň kämil nusgasydyr. Olar watançylyk ruhuna beslenip, operalarda we simfoniýalarda halk döredijiliginiň däpleri döwrebap öwüşginde öz beýanyny tapýar. Kompozitoryň döredijiliginde opera žanry aýratyn orun tutýar. Ol türkmen opera sungatynyň milli mekdebiniň kemala gelmeginde binýat bolup hyzmat etdi. Onuň «Zöhre-Tahyr», «Ganly saka» ýaly operalary halkymyzyň taryhyny, gahrymançylygyny simfoniki öwüşginler bilen beýan edýär.
Maslahatyň dowamynda Weli Muhadowyň talyplyk ýyllaryndaky deňi-taýy bolmadyk üstünligi hakynda aýratyn durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, ol Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň dördünji ýyl talyby wagtynda meşhur «Türkmen sýuitasyny» ýazyp, SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem bäşinji ýyl talyp wagtynda kompozitoryň diplom işi bolan «Meniň Watanym» atly simfoniki poemasy ýokary döwlet baýragy bilen sylaglanyldy. Talybyň yzly-yzyna iki ýyl döwlet baýragyna mynasyp bolmagy Moskwanyň bu abraýly bilim ojagynyň bütin taryhynda ýeke-täk wakadyr.
Maslahatyň dowamynda Weli Muhadowyň döreden sazlary esasynda aýdymlar, sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary bilen geçirilen ussatlyk sapaklary işjeň we netijeli häsiýete eýe boldy.