Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri eziz Diýarymyzyň gündogarynda ýerleşýän Köýtendag tebigy Döwlet goraghanasynda “Gözel tebigatymyzy ýangyn howpundan goralyň!” atly amaly maslahaty geçirdi. Döwletli maslahata Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasyndan, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminden, Köýtendag Döwlet tebigy goraghanasyndan wekiller gatnaşdylar. Amaly maslahatda Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni Gülşirin Baýramowa, Köýtendag Döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy Şanyýaz Meňliýew, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Merdan Jumaýew, hünärmen Maýsa Berdiýewa, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň içerki gullugyň leýtenanty Nepes Çarymyradow şeýle-de amaly maslahatyna gatnaşyjylar ösümlik we haýwanat dünýämizi goramak, ýetişdirilýän baglaryň ynsan saglygyna edýän täsiri şeýle-de tomus paslynyň golaýlaşmagy bilen ýangyn howpunyň döremeginiň önüni almagyň çäreleri dogrusynda giňden gürrüňler edildi. Amaly maslahata gatnaşyjylar Köýtendagyň gözel ýerlerinde boldular. Daraýderede Kyrkgyzyň sudurlary, Dinozawrlaryň aýak yzlary, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ýerasty kölde mesgen tutunan Köýteniň Kör ýalaňaç balyklary amala maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Okuw maslahatyň esasy maksady tebigat gözelliklerini ýangyn howpundan goramak baradaky işleri wagyz etmekden ybarat boldy. Hünärmenleriň dürli mowzuklarda eden çykyşlary bolsa olaryň täsirliligini artdyrdy. Amaly okuw maslahatyny ýylyň dowamynda, esasan-da, tomus paslynda giňden ýaýbaňlandyryp, ilat arasynda, edara-guramalarda, kärhanalarda ýygy-ýygydan bolup wagyz-nesihat işlerini geçirmek meýilleşdirildi.
Goý şeýle işleriň sakasynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli alyp barýan asylly işleri rowaç alsyn!
Rejepgül Huddyýewa, Türkmenistanyň Ekologiýa Hereketi jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni.