Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň gullukçylary bilen bilelikde guramaklarynda Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň muzeýinde “Gözel tebigatymyzy ýangyndan goralyň” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wagyz-nesihat bölüminiň uly gözegçisi, Türkmenabadyň Maliýe we ykdysadyýet orta okuw mekdebiniň mugallymlary, Türkmenabadyň Lukmançylyk mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň guraýjylary bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň işgärleri we gullukçylary ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak boýunça ýörite fotosuratlaryň, gysgajyk şekilleriň, slaýdlaryň wideorolikleriň, ýangyn howpunyň öňüni almagyň tejribelerini özünde jemleýän kitaplaryň, gollanmalaryň sergisini gurap, dabara gatnaşyjylarda täsir galdyryjy pursatlary döretmegi başardylar.
Tomus paslynyň gelmegi bilen tebigaty ýangyn howpundan goramaga has-da ünsli çemeleşmegi talap edýändigi, goraghanalaryň, tokaý hojalyklarynyň ýylyň bütin dowamynda ýangynyň döremegine ýol berilmeli däldigi, olaryň çäklerine giren her bir adam ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň düzgünlerini ýerine ýetirilmelidigi hakynda tebigat we meýdan şertleri bilen bagly işlerde işleýänler üçin çaý gaýnatmak, nahar bişirmek üçin açyk ýerleri saýlap almalydygy düşündirilip, ol ýerden gaýdylanda bolsa topragy gazyp, ot-közüni, külüni topraga gömmelidigi hakynda düşündirildi. Tokaýda işleýän tehnikalaryň döremegi ahmal bolan ýangynyň öňüni almak maksady bilen uçgun söndürýän enjamlary ulanmagyň zerurdygy dogrusynda gürrüňler edildi.
Maslahatda tebigata degişli gyzykly maglumatlar hem berildi: Bir agaç bir gije gündiziň dowamynda 3 adamyň dem almagy üçin zerur bolan kislorody bölüp çykarýan bolsa, 1 ýylyň dowamynda tokaý seýilgäh zolaklaryň her gektary 50-70 tonna çenli tozany özüne siňdirip, ekologiýa taýdan arassa howa bilen üpjün edýär.
Ýangyn howpundan goranmak ýangynyň döräp biläýjek sebäpleriniň öňüni almak boýunça hödürlenen foto-wideorolikler, görkezme esbaplar okuw maslahatyna gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Okuw maslahatyň esasy maksady tebigatymyzyň gözelliklerini wasp etmekden, şeýle-de ýangyn howpunyň öňüni almagy wagyz etmekden ybarat boldy.
Suratda: Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň muzeýinde şol bölümiň wagyz-nesihat bölüminiň uly gözegçisi Babaniýaz Ilamanowyň maslahatda çykyş edýän pursatlary.
Maksat Hajyýew, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygy.
PDF









