2026-njy ýylyň birinji çärýeginde (ýanwar-mart aýlary) Gruziýa 997 müň 529 sany daşary ýurtly syýahatçy bardy. Bu geçen ýyldakydan 4 göterim köpdür. Bu barada ýurduň Milli syýahatçylyk edarasy habar berdi diýip, “Xinhua” agentligi habar berdi.
Hasabat döwründe Gruziýa baran halkara syýahatçylaryň umumy sany, üstaşyr we jahankeşdelik saparlary hasaba alanyňda, 1,3 milliona deň boldy, bu bolsa, 2025-nji ýylyň degişli döwründen 1,1 göterim azdyr.
Ýurda, esasan, Türkiýeden köp syýahatçy bardy, şeýle-de ABŞ, Beýik Britaniýa hem-de Germaniýa ýaly ýurtlardan syýahatçylaryň sanynyň artandygy bellenýär. Mysal üçin, ýanwar-mart aralygynda Ýewropa Bileleşigi döwletlerinden hem-de Beýik Britaniýadan Gruziýa syýahata baranlaryň 30,2 göterim köpelendigi, ýagny 96226 adama deň bolandygy bellenýär.
Galyberse-de, Gruziýa alysdaky döwletlerden, mysal üçin, Koreýa Respublikasyndan we Hytaýdan adamlar yzygiderli syýahat edip başlapdyr, şol bir wagtda ABŞ-dan bu ýurda syýahat edenleriň sany-da 19,3 göterim köpelipdir.