Gruziýanyň Hökümeti ýurda gelýän syýahatçylaryň sanynyň yzygiderli artmagy bilen baglylykda, hereket edýän üç sany halkara howa menziliniň mümkinçiliklerini giňeltmegi we Wazianide täze, iri awiatoplumy gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Irakli Kobahidze «Imedi» teleýaýlymynyň göni efirinde çykyş edip, täze halkara howa menziliniň gurluşygyna 2027-nji ýylyň ahyryna çenli badalga beriljekdigini we onuň ýylda 20 million ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendigini mälim etdi. Hökümet Baştutanynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Tbilisiniň, Kutaisiniň we Batuminiň halkara howa menzilleriniň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barlyp, Kutaisi howa menziliniň ýyllyk ýolagçy akymy 5 million adam derejesine ýetiriler, Batumi boýunça bolsa gepleşikler dowam etdirilýär.
Şeýle-de, şu ýylyň 13-nji iýulynda Şota Rustaweli adyndaky Tbilisi halkara howa menzilini ösdürmegiň we giňeltmegiň iri taslamasyna badalga berildi. Maýadaryň 150 million dollardan gowrak serişde gönükdirmegi göz öňünde tutýan bu taslamasy 2026 — 2028-nji ýyllar aralygynda durmuşa geçiriler. Häzirki zaman tehnologik we operasion ulgamlaryny ornaşdyrmagy, terminal hem-de aerodrom düzümlerini döwrebaplaşdyrmagy göz öňünde tutýan taslama doly tamamlanandan soň, paýtagtyň howa derwezesiniň ýyllyk geçirijilik ukyby 10 million ýolagça çenli ýokarlanar.
PDF









