17–20-nji iýul aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilýän Emeli aň boýunça bütindünýä maslahatynyň we emeli aňy global derejede dolandyrmak boýunça ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde emeli aň çözgütleri babatda hyzmatdaşlyk boýunça Bütindünýä guramasyny (WAICO) döretmek barada ylalaşyga gol çekildi. Täze halkara düzümiň döredilmegi baradaky başlangyç Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin tarapyndan mälim edilip, guramanyň esaslandyryjy resminamasyna dünýäniň 29 döwletiniň wekilleri gol çekdiler.
Guramanyň döredilmegi baradaky dabaraly çäre döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de beýleki halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Gol çekilen resminama laýyklykda, ştab-kwartirasy Şanhaý şäherinde ýerleşjek WAICO özbaşdak hökümetara halkara gurama hökmünde hereket eder. Guramanyň esaslandyryjy agzalarynyň hatarynda Hytaý, Russiýa, Braziliýa, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Belarus, Indoneziýa, Malaýziýa, Katar, Oman, Keniýa, Kongo Demokratik Respublikasy, Kuba, Efiopiýa we Günorta Afrika Respublikasy ýaly döwletler bar.
Öz işinde BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine esaslanjak täze gurama emeli aň ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy we global dolandyryşy ösdürmäge ýardam bermegi maksat edinýär. Şeýle hem täze tehnologiýalaryň bütin adamzat bähbidine, ygtybarly, howpsuz we adalatly ösdürilmegini üpjün etmek, şunda ynsan bähbitlerini goramak guramanyň esasy ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlendi.
Ýeri gelende bellesek, bu halkara maslahata ýurdumyza wekilçilik edip, Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew hem gatnaşdy. H.Hudaýgulyýew bu ýerde eden çykyşynda emeli aňyň saglygy goraýyş, bilim, ulag ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmakda, suw serişdelerini netijeli dolandyrmakda we daşky gurşawy goramakda uly mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
PDF









