Şotlandiýanyň «Wood Mackenzie» atly maslahat beriş kompaniýasy nebite bolan islegiň şu ýyl gündelik 2 million barrel artjakdygynyň çaklanylýandygyny habar berdi. Bu artyşyň dörtden birinden gowragy Hytaýa degişli bolar. Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) we beýleki nebit öndürýän käbir ýurtlardan emele gelen OPEC+ toparynyň önümçiligi azaltmagy 2024-nji ýylda hem dowam etdirmegi bilen nebitiň önümçiliginiň islegden az boljakdygy bellenildi. Kompaniýanyň barlaglardan jogapkär başlygynyň orunbasary Alan Gelder nebite bolan islegiň uly böleginiň ýylyň ikinji ýarymynda artjakdygyny belledi. Ol munuň ykdysady ösüşiň we göterimiň pes bolmagy sebäpli boljakdygyny aýtdy.
Atamyrat ABDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi.
PDF









