Asmandan bir damja hem ýagyş dammaýar, ýöne daşary çykanyňda, howa şeýle salkyn. «Çöl metropoly» diýlip atlandyrylýan Lima şäheri gurak ýerde ýerleşýändigine garamazdan, özüniň çygly we salkyn howasy bilen hemmeleri haýran galdyrýar. 10 million ilaty bolan bu şäherde ýagyş suwy akar ýaly turba-da ýok. Hatda şäherde ýagyşdan goranmak üçin saýawan hem satylýar. Muňa garamazdan, şäherde howanyň çyglylygy 90 göterme çenli ýetýär.
Adatça, çöl hakda pikir edilende gyzgyn howa, sary çäge we dury gök asman göz öňüňe gelýär. Ýöne Lima şäherinde bu ýagdaý düýbünden tersine. Çölüň ortarasynda ýerleşýändigine garamazdan, Perunyň paýtagty tutuş ýylyň dowamynda bulutly, çygly we dumanly bolýar. Lima şäherine barýan syýahatçylaryň ünsüni çekýän ilkinji zat howanyň bulutlydygyna garamazdan, ýagşyň ýagmaýanlygydyr.
Nädip beýle?!
Hünärmenleriň bellemegine görä, Günorta polýusdan demirgazyga tarap akýan sowuk Humboldt akymy (Peru akymy) Limanyň kenaryndaky ýyly howa bilen gatlyşanda, deňziň üstünde ägirt uly duman gatlagyny döredýär. Ýerli ilat tarapyndan «garua» diýip atlandyrylýan bu duman Ýuwaş ummanyndan şähere tarap süýşýär. Çygly howanyň massasy uly bolandygy sebäpli, howa göterilip, ýagşa öwrülip bilmeýär. Gaýtam ýere siňip, bug halyna öwrülýär. Bu bolsa şäheriň salkyn we çygly bolmagyna ýardam edýär. Ýuwaş ummany bilen And daglarynyň arasynda ýerleşýän çöl metropolyna başgaça Çal Lima (Lima la Gris) hem diýilýär.
2 müň 672 inedördül kilometr meýdany tutýan Limanyň ilaty ýagyşdan däl-de, çygdan goranmak üçin suw geçirmeýän eşikleri geýýärler. Çöl howasydygyna garamazdan, jaýlaryň içinde çyglylyk şeýle ýokary welin, mebelleriň, öý goşlarynyň we ýygnalyp goýlan egin-eşikleriň çyg almagy şäherde iň uly mesele hasaplanýar.
Inženerler şäheriň suwaryş ulgamyny ösdürmek hem-de ilaty içimlik suwy bilen üpjün etmek üçin birnäçe taslamany işläp düzýärler. Şäheriň dag eňňitlerinde «duman torlary» diýlip atlandyrylýan ullakan hasa ulanylyp, her gün müňlerçe litr arassa suw alynýar. Howadaky çyglylyk ýukajyk mata siňip, damja görnüşinde ternawa akýar. Taýýar içimlik suwy ullakan çeleklerde ýa-da howdanlarda ýygnalýar. Soňra bolsa ýörite turbalar arkaly şähere ýaýradylýar.
PDF








