Ýa­ba­ny te­bi­gat­da ugur­ta­py­jy­ly­gy we kä­mil he­re­ket­le­ri bi­len ün­si özü­ne çek­ýän jan­dar­la­ryň bir­nä­çe­si ýa­şa­ýar. Bu­la­ra maý­myn­la­ryň, guş­la­ryň, de­ňiz süý­dem­di­ri­ji­le­ri­niň, oňur­ga­syz­la­ryň we hat­da ba­lyk­la­ryň hem kä­bir gör­nü­şi de­giş­li bo­lup, gar­ga «iň akyl­ly guş» ady bi­len ta­nal­ýar. Ge­liň, guş­lar maş­ga­la­sy­nyň iň akyl­ly­sy ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
Gar­ga­lar akyl­ly­ly­gy, çalt uý­gun­laş­ma­gy we şar ga­ra reň­ki bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­de duş gel­ýän ga­ra guş­lar as­lyn­da «meş­hur sy­ýa­hat­çy­lar» ha­sap­lan­ýar. So­wuk ho­wa­ny ha­la­ýan bu guş­lar her ýyl azyn­dan 500 ki­lo­metr ýol geç­ýär­ler. Gar­ga­lar ho­wa­nyň gyz­ma­gy bi­len bö­lek-bö­lek to­par gu­rap, so­wuk ýurt­la­ra gid­ýär­ler. Kä­bir to­par­lar bol­sa öz me­ka­nyn­da he­mi­şe­lik ýa­şa­ýar. Beý­le­ki guş­la­ryň gyş pas­ly­ny ge­çir­mek üçin ýy­ly ýurt­la­ra uçup gid­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, gar­ga­lar mu­nuň ter­si­ne. Gy­zyk­ly ta­ra­py hem gar­ga­lar jüý­je­le­mek üçin so­wuk ýer­le­re gid­ýär­ler. Gar­ga­la­ryň sy­ýa­ha­ty ho­wa­nyň so­wuk­ly­gy­na bag­ly bo­lup, uzak do­wam et­me­ýär.
Nä­çe gör­nü­şi bar?
Ýer ýü­zün­de gar­ga­la­ryň ame­ri­kan gar­ga­sy, flo­res gar­ga­sy, kä­şir­çi gar­ga, ba­lyk­çy gar­ga, ala­gar­ga ýa­ly 40 tö­we­re­gi gör­nü­şi ýa­şa­ýar. Gar­ga­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li äh­li gör­nüş gö­çüp-go­nup bil­me­ýär. Esa­san hem, Af­ri­ka­da we Azi­ýa­da duş gel­ýän gar­ga­lar ýa­şa­ýan ýe­ri­ni taş­lap git­me­ýär­ler. Ame­ri­kan gar­ga­sy we ýew­ro­pa ala­gar­ga­sy äh­li ýur­dy aý­lan­ýan esa­sy «sy­ýa­hat­çy­lar» ha­sap­lan­ýar. Gar­ga­lar gyş­la­mak üçin ýer saý­la­ma­ýar­lar. Sü­ri-sü­ri bo­lup uçup ba­ryş­la­ry­na haý­sy ýer so­wuk, ni­re­de gar bol­sa, şol ýer­de hem düş­le­ýär­ler. Ho­wa maý­lap baş­lan­soň, so­wuk ül­ke­le­re ta­rap ýo­lu­ny do­wam ed­ýär­ler. Ame­ri­ka­dan ýa-da Ýew­ro­pa­dan gaý­dan gar­ga­lar so­wuk ýurt­la­ra bir ýyl­lap «sy­ýa­hat edip», ýe­ne-de yzy­na do­lan­ýar­lar. Bu guş­lar gyş­la­ýan ýe­ri­ni, gö­çüp-go­nan se­bit­le­ri­ni he­mi­şe­lik ýat­da sak­la­ýar­lar. Gar­ga­la­ryň azaş­mak how­py ýok­du­gy se­bäp­li, ýe­ke­lik­de hem uçup gi­di­ber­ýär­ler.
Gar­ga­lar üşe­me­ýär­mi?
Gar­ga­lar so­wuk­dan go­ran­mak üçin dür­li usul­la­ry ulan­ýar­lar. Esa­san hem, aň­zak­ly gi­je­ler­de bu guş­lar agaç­la­ryň şa­ha­la­ryn­da ha­tar bo­lup dy­ky­ly­şyp ýat­ýar­lar. Bu ýag­daý gar­ga­la­ryň ýy­ly­ly­gy sak­la­ma­gy­na kö­mek ed­ýär. Gar­ga­la­ryň ag­ra­my­nyň 10 gö­te­rim­den gow­ra­gy­ny ýag gat­la­gy eme­le ge­tir­ýär. Ýag gat­la­gy aşa so­wu­gy sak­lap, gyz­gyn­ly­gy üp­jün ed­ýär.
So­wuk­da nä­me iý­ýärler?
Gar­ga­lar ýa­şa­ýan we sy­ýa­ha­ta bar­ýan ýe­ri­ne bag­ly­lyk­da, is­len­dik zat bi­len iý­mit­le­nip bil­ýär­ler. Ösen ýat­keş­li­gi bo­lan gar­ga­lar gyş­ky ekin­le­re (kä­şir, ke­lem, turp) zy­ýan­ly bo­lup bi­ler. Ýö­ne bu guş­lar, esa­san, mör-mö­jek­le­ri iýip, eki­ne zy­ýan be­ri­ji­le­riň kö­pel­me­gi­niň öňü­ni al­ýar­lar. Kä­bir so­wuk ýurt­lar­da zi­bil­le­ri aras­sa­la­mak­da hem gar­ga­la­ryň uly or­ny bar.
Gar­ga­lar ada­myň ýü­zü­ni ýat­da sak­la­mak­dan baş­lap, çyl­şy­rym­ly ýag­daý­dan baş alyp çyk­ma­gy ba­şar­ýar­lar. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de gar­ga­la­ryň 7 ýaş­ly ça­ga ýa­ly pi­kir­le­nip bil­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Iý­mit dan­da­ma­ýan bu guş­lar hoz­dur şä­ni­gi döwmek üçin çüň­ki bi­len diş­läp ýo­kar­ly­gy­na uç­ýar­lar we ga­ty ýe­re ýa-da as­fal­tyň üs­tü­ne ok­la­ýar­lar. Ilat­ly ýer­de ýa­şa­ýan gar­ga­lar bol­sa, hoz çak­mak üçin aw­tou­lag­la­ryň hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­ýar­lar. Ga­ra guş­lar ýo­ly­şy­gy gy­zyl ýa­nan­da ho­zy alyp, ýo­luň çat­ry­gy­na ok­lap gaýd­ýar­lar. Tö­we­rek­dä­ki aga­ja go­nup, ulag­la­ryň ge­çip gu­ta­ra­ry­na ga­raş­ýar­lar. Soň bol­sa gy­zyl ýa­nan­da ýe­ne-de ba­ryp, döw­len ma­ňyz­la­ry iý­ýär­ler.
Gar­ga­lar maş­ga­la bo­lup ýa­şa­ýar­lar. Agaç­la­ryň bar­ma­sy kyn şa­ha­ly ýe­rin­de hö­würt­ge gu­rup, 4-5 ýu­murt­ga goý­ýar­lar. Ek­leý­ji gar­ga­lar jüý­je­le­ri­ni 60 gü­ne çen­li iý­mit­len­dir­ýär­ler. Gar­ga­lar te­bi­gy gur­şa­wa bag­ly­lyk­da 20 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar­lar. Te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, gar­ga­lar ýi­tip git­mek how­py aban­ýan jan­dar­la­ryň ha­ta­ryn­a gir­me­ýär. Gar­ga­la­ra dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­de duş gel­mek bol­ýar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan Ga­waý gar­ga­sy­nyň ýi­tip gi­den­di­gi, flo­res gar­ga­sy­nyň sa­ny­nyň azal­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Te­bi­gat­da seý­rek ýag­daý­da ap-ak gar­ga hem duş gel­inýär.