Gyş aý­la­ryn­da öý­de köp wag­tyň ge­çi­ril­me­gi otu­rym­ly dur­muş ýö­rel­ge­si­ne ge­ti­rip, sag­ly­ga öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ho­wa­nyň so­wuk gün­le­rin­de aras­sa ho­wa­da ge­ze­lenç et­mek, fit­nes mer­kez­le­ri­ne we ly­ža meý­dan­ça­la­ry­na git­mek sag­lyk üçin äh­mi­ýet­li­dir. Ly­ža, buz­da typ­mak we snou­bord ýa­ly gyş­ky sport gör­nüş­le­ri fi­zi­ki iş­jeň­li­gi ýo­kar­lan­dy­ryp, wag­ty­ňy gy­zyk­ly hem-de peý­da­ly ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Buz­da typ­mak. Es­te­ti­ka­ny we çyl­şy­rym­ly he­re­ket­le­ri özün­de jem­le­ýän buz­da typ­mak spor­ty kon­ki­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Buz­da typ­mak dür­li öw­rüm­le­ri, bö­küş­le­ri we ak­ro­ba­tik maşk­la­ry öz içi­ne al­ýar. Fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak ýa-da buz­da hok­keý oý­na­mak spor­ty bi­len meş­gul­lan­mak ar­ka­ly sag­ly­gy­ňy ber­ki­dip bol­ýar.
Snou­bord. Aý­law­ly uzyn tag­ta bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän spor­tuň bu gör­nü­şi so­wuk ýurt­lar­da has meş­hur­dyr. Er­kin he­re­ket­le­re we uly tiz­lik­dä­ki baş­dan ge­çir­me­le­re baý bo­lan spor­tuň bu gör­nü­şi sag­ly­gy­ňy ber­kit­mek bi­len bir ha­tar­da, dag te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­li­gi­ni syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ka­ýak. Ka­noe ga­ýy­gy­na meň­zeş en­jam­da gar­da typ­mak iň gy­zyk­ly güý­men­je­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Teh­ni­ki us­sat­ly­gy we çe­ýe­li­gi ta­lap ed­ýän spor­tuň bu gör­nü­şi, esa­san, Alp dag­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Sa­ni­li typ­mak. Go­rag baş­ga­by we ýö­ri­te egin-eşik geý­lip ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän gyş­ky spor­tuň bu gör­nü­şi be­ýik gar de­pe­sin­den aşak­ly­gy­na typ­mak ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. De­ňag­ram­ly he­re­ke­ti ta­lap ed­ýän sa­ni­li typ­mak köp­le­riň ha­la­ýan güý­men­je­si­dir.
Bu­lar­dan baş­ga-da, gyş­ky spor­tuň dag ly­ža­sy, kross ly­ža­sy, ly­ža­da bök­mek we Skan­di­na­wi­ýa kom­bi­na­si­ýa­sy, bi­at­lon, bobs­leý, kör­ling ýa­ly gör­nüş­le­ri iň meş­hur güý­men­je­ler ha­sap­lan­ýar.
Gyş­ky sport gör­nüş­le­ri myş­sa­la­ryň çy­dam­ly­ly­gy­ny we güý­jü­ni art­dyr­ýar. Şeý­le hem dem al­şy go­wu­lan­dyr­ýar we ýü­rek-da­mar ul­ga­my­na ýe­ter­lik de­re­je­de kis­lo­rod bar­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Gyş­ky sport gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň tö­wek­gel­çi­li­gi­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. So­wuk ho­wa­da sport bi­len meş­gul­lan­mak stre­si azal­dyp, be­de­niň alyş-çal­şy­gy­ny iş­jeň­leş­dir­ýär. Iş­dä­siz­lik bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ara­dan aý­ryp, ada­myň özü­ni ra­hat we has go­wy duý­ma­gy­na iter­gi ber­ýär. Şeý­le hem gan aý­la­ny­şy­ny çalt­lan­dy­ryp, ke­sel dö­re­di­ji bak­te­ri­ýa­la­ryň we mik­ro­or­ga­nizm­le­riň ho­wa ýol­la­ry ar­ka­ly çyk­ma­gy­na kö­mek ed­ýär.
So­wuk ho­wa­da da­şa­ry çy­ky­lan­da ýa-da sport bi­len meş­gul­la­ny­lan­da pas­la gö­rä ge­ýin­me­gi ýat­dan çy­kar­maň!