Güýz paslyny yzda goýup täze sowujak,aýazly günlere ýakynlaşdyrýan gyş paslyna gadam basdyk. Pasyllar aýlanyp, aýlar dolanap, hemişekisi ýaly şatlyk-şowhuny bilen ajaýyp gyşyň owazy alyslardan eşidilip, her bir ynsanyň ýüreginiň töründe şowhunly gyşyň gelýändiginiň buşlukçysy dekabr aýam geldi. Elbetde, gyşyň iň arzyly, gyzykly pursady bar, şol pursada bütin adamlar sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Dekabr aýyna gadam basanmyzdan, ilkinji nobatda hemmeleriň aňynda täze ýylyň ýakynlandygy baradaky pikir gurşap alýan bolsa gerek. Bu pikir, duýgyny hem gyşyň ilkinji buşlukçysy bolan dekabr aýy berýär. Dekabr-gyşyň ilkinji aýy, oňa biz gyşyň buşlukçysy diýip aýdyp bileris. Sebäbi dekabr gelende, özüniň baýramçylyk ruhuny alyp gelmegi adamlaryň täze ýyla bolan taýýarlygyny ýokarlandyrýar. Bu aýyň iň soňky güni bütin adamzadyň taryhynda ýatdan çykmajak wakalary galdyrýar. Dekabr geldigi, gyşyň geldigi. Dekabr  bagtyýarlyk paýlaýan aý oňa 12 aýlap sabyrsyzlyk bilen garaşylýar. Dekabr, biz seniň gelmegiňe sabyrsyzlyk bilen garaşdyk! Goý bu aý her bir ynsanyň dünýäsine abatlygy, asudalygy, saglygy, rysgal-bereketi, şatlyk-şowhuny, çagajyklaryň gülküsini getirsin.

 

Hurmagül Annagurbanowa, 

Bäherden etrabynyň bedenteribýe we sport bölüminiň

KAIG-nyň başlygy tälimçi-mugallyma