Halkara syýahatçylyk ugurlary boýunça ylmy barlaglar geçirildi

2

Ýewropanyň iri şäherleriniň çäginde amala aşyrylýan gysga möhletli we bir günlük syýahatçylyk ugurlarynyň meşhurlygy barha artýar. «TUI Musement» halkara syýahatçylyk gullugynyň bilermenleri tarapyndan internet gözleg ulgamlarynyň görkezijilerine esaslanyp geçirilen seljermelere görä, häzirki wagtda syýahatçylar sebitiň iri medeni merkezlerini diňe taryhy künjekleri görmek üçin däl-de, eýsem ugurdaş taryhy ýadygärliklere, goraghanalara we dynç alyş zolaklaryna barmak üçin esasy wezipeli binýat hökmünde ulanýarlar. Barlaglaryň netijesinde, bir günlük gezelençler üçin iň köp isleg bildirilýän şäherleriň sanawynda London, Pariž we Rim öňdebaryjy orunlary eýeledi.
Geçirilen barlaglar ilatyň sany 150 müňden geçýän Ýewropa şäherleriniň maddy we medeni mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Hususan-da, Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäheri taryhy Stounhenj we Bat ýadygärliklerine amala aşyrylýan ugurlar boýunça birinji orunda durýar. Şeýle hem Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinden Wersal köşgüne we Žiwerni künjegine, Rim şäherinden taryhy Pompei künjeklerine hem-de beýleki medeni zolaklara guralýan syýahatçylyk ugurlary ýokary islegden peýdalanýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, döwrebap ulag-logistika düzümleriniň, aýratyn-da demir ýol gatnawlarynyň kämilleşdirilmegi halkara syýahatçylyk pudagynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna hem-de sebitara medeni gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegine oňyn täsirini ýetirýär.