Ýüpek ýolunyň sazçylyk mirasy dikeldilýär

3

Gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän sebitleriň asyrlarboýy kemala gelen sazçylyk medeniýetini we milli saz gurallaryny ýasamak senedini gorap saklamak hem-de kämilleşdirmek ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Halkara metbugat serişdeleriniň maglumatlaryna görä, sebitleriň sazçylyk mirasy diňe bir ýerine ýetirijilik senedi arkaly däl, eýsem, taryhy gurallary ýasamak dessurlaryny ylmy esasda dikeltmek we ony geljekki nesillere geçmek arkaly hem dowam etdirilýär. Häzirki wagtda bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler sebit halklarynyň medeni özboluşlylygyny durnukly ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.
Hünärmenleriň bellemegine görä, Özbegistanyň Andijan, Surhandarýa we Garagalpagystan ýaly taryhy künjeklerinde dutar, tambur, gyjak, gopuz ýaly milli saz gurallarynyň gadymy nusgalary taryhy çeşmelere salgylanylyp, döwrebap tehnologiýalaryň we ylmy barlaglaryň kömegi bilen täzeden dikeldilýär. Şeýle hem uly tejribä we köpasyrlyk däp-dessurlara esaslanýan ussat-şägirtlik ýoly arkaly bu senet ýaş nesillere öwredilýär hem-de ýöriteleşdirilen okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna ornaşdyrylýar. Halkara bilermenleriň tassyklamagyna görä, sebit derejesindäki döwlet goldawlary we guralýan medeni festiwallar maddy däl medeni mirasyň ýitip gitmeginiň öňüni almak bilen birlikde, olaryň bütindünýä derejesinde ykrar edilmegine giň şertleri döredýär.