Smartfon we beýleki elektron önümlerini öndürýän Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy has ýokary durulykly kamera sensoryny öndürer. Hytaý brendiniň çykarjak “Xiaomi 13 Ultra” smartfonynda oturdyljak kameranyň soňky iki ýyldan bäri bu ugurda öňdeligi eýeleýän “Samsung”-dan ozdurjakdygy bellenilýär. Golaýda hytaý brendi “Xiaomi 12S Ultra” smartfonyna çalşyp bolýan kamera sensorynyň oturdylandygyny mälim edipdi. Bu telefonda ululygy 1 dýuým bolan “Sony IMX989” kamera sensory oturdylypdyr. Indi bolsa, bu smartfona has ýokary durulykda surat we wideoşekilleri almaga mümkinçilik berýän kameranyň oturdyljakdygy bellenilýär. Bu kamera has ösen tehnologiýa bilen üpjün edilip, uzak aralykdan dury surata düşürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem keseligine ýerleşdirilendigi üçin az ýer alýar.
Ýakup Rejepgeldiýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby
PDF









