Hristian-demokratik we Hristian-sosial bileleşiginiň (HDB/HSB) lideri Fridrih Mers maý aýynyň başynda işe başlamaly Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy (GSDP) bilen koalisiýa dörediljekdigini habar berdi. HDB/HSB-niň bilelikdäki metbugat ýygnagynda GSDP bilen koalisiýa şertnamasyny hödürledi. Partiýanyň ýolbaşçylary hökümetiň geljek dört ýyl üçin meýilnamalary we esasy ministrlikleriň paýlanyşy barada çykyş etdiler.
Şeýlelikde, HDB/HSB Federal Kansleriň edarasyny, Içeri işler ministrligini, Daşary işler ministrligini, Ykdysadyýet we Energetika ministrligini, Maşgala işleri ministrligini, Saglygy goraýyş ministrligini, Transport ministrligini, Ylym, tehnologiýa we kosmos ministrligini, Azyk we oba hojalygy ministrligini we Sanly özgerişler we döwrebaplaşdyryş ministrligini alýar. GSDP Maliýe ministrligini, Goranmak ministrligini, Adalat ministrligini, Ykdysady ösüş ministrligini, Daşky gurşawy goramak ministrligini, Ýaşaýyş we gurluşyk ministrligini we Zähmet we durmuş üpjünçiligi ministrligini alýar.
Täze hökümetiň meýilnamalarynyň arasynda 2028-nji ýyla çenli korporasiýa üçin salgytlary azaltmagy, sosial üpjünçilik ulgamyny özgertmegi, immigrasiýa syýasatyny güýçlendirmegi we goranyş çykdajylaryny ýokarlandyrmagy öz içine alýar.
Indi GSDP agzalary koalisiýa şertnamasyna ses bermeli bolarlar, HDB we HSB bolsa, partiýanyň ýolbaşçylaryndan rugsat almaly. GSDP agzalarynyň ses bermeginiň, azyndan, 10 gün dowam etmegine garaşylýar. Täze parlamentiň 7-nji maýda Fridrih Mersi Kansler wezipesine tassyklamagyna garaşylýar.