Amerikaly işewür we dünýäniň iň baý adamy Ilon Mask emeli aň döwründe pikirlenmegi ösdürmek üçin möhüm hasaplaýan kitaplarynyň sanawyny hödürledi. Onuň kitap tekjesini dolandyryş işlerini öwrenmekden başlap, ylym we pelsepe meselelerine çenli dürli mowzuklary öz içine alýan kitaplar eýeleýär. Olaryň arasynda edebi kitaplar hem göze ilýär. Ynha, Maskyň maslahat berýän kitaplary:
«Emeli aňy nädip dolandyrmaly?» (Human Compatible: Artificial Intelligence and the Problem of Control), Rassel Stýuart;
«Noldan bire. Geljekde dünýäni üýtgedip biljek startapy nähili döretmeli?» (Zero to One: Notes on Startups, or How to Build the Future), Piter Til we Bleýk Masters;
«Şübhe söwdagärleri» (Merchants of Doubt), Naomi Oreskes we Erik M. Konweý;
«Durmuş 3.0. Emeli aň döwründe adam bolmak» (Life 3.0: Being Human in the Age of Artificial Intelligence), Maks Tegmark;
«Älem. Durmuşyň gelip çykyşy, barlygymyzyň manysy we ullakan kosmos» (The Big Picture: On the Origins of Life, Meaning, and the Universe Itself), Şon M. Kerroll;
«Emeli aň. Tapgyrlar. Howplar. Strategiýalar» (Superintelligence: Paths, Dangers, Strategies), Nik Bostrom;
«Halklaryň baýlygynyň tebigaty we sebäpleri baradaky gözlegler» (The Wealth of Nations), Adam Smit;
«Üzül-kesil dogruçyllyk. Adamzat duýgularyny ýitirmän, nädip dolandyrmaly?» (Radical Candor: Be a Kick-Ass Boss Without Losing Your Humanity), Skott Kim.
Mask bu kitaplary adamzadyň öňünde durýan häzirki zaman kynçylyklaryna we mümkinçiliklerine has gowy düşünmäge, şeýle hem aragatnaşygy özleşdirmäge kömek edýär diýip hasaplaýar.
Myrat ŞAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Arkadag şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.