Hytaý geljek ýyl Aýa bir bökende onlarça kilometri geçmäge ukyply zondy ugratmagy meýilleşdirýär. “Çane-7” enjamy Aýda suw gözlär. Alty aýakly bu enjam bökmek hem-de uçmak mümkinçiliklerine eýe bolar. Şeýle aýratynlyklar oňa Aýyň barmasy kyn ýerlerini öwrenmäge mümkinçilik berer. 2007-nji ýylda “Çane-1” Aý hemrasynyň uçurylmagy bilen başy başlanan “Çane” taslamasy birnäçe tapgyry öz içine alýar.