Hytaýly alymlar adam organizminde garama prosesiniň 30 ýaşda başlaýandygyny ýüze çykardylar diýip, “Daily Mail” neşiri ýazýar. 14 ýaşdan 68 ýaş aralygyndaky 516 dokuma nusgasynyň seljermesine esaslanýan barlag, garrama bilen baglanyşykly molekulýar üýtgeşmeleriň 30 ýaşda başlaýandygyny görkezdi. Bu üýtgeşmeleriň netijeleri bolsa diňe birnäçe wagtdan soň göze görnüp başlaýar.
Alymlar garama alamatlarynyň iň ilki bilen böwregiň üstündäki mäzlerвe ýüze çykýandygyny anykladylar. Bu jübüt organlar böwregiň üstündäki mäzleriň ýokarsynda ýerleşip, gormonlaryň işlenip çykarylmagyna jogap berýär. Şol organlardaky käbir beloklaryň (proteinleriň) derejesi durmuşyň üçünji onýyllygynda (ýagny 30 ýaşdan başlap) üýtgäp başlaýar. Emma garкama prosesiniň iň güýçli böküşi 50 ýaşdan soň bolup geçýär. Bu döwürde organizmiň birnäçe ulgamynda ýaş bilen baglanyşykly keselleri döredýän beloklaryň mukdary birden köpelýär.
Barlag geçirijileriň aýratyn ünsüni öýjükleriň ösmegini we ýaşamagyny kadalaşdyrýan GAS6 belogy çekdi. Onuň derejesi ýaşyň geçmegi bilen, esasan hem gan damarlarynda ýokarlanýar, bu bolsa damarlary has ejiz hala getirýär. Ýaşyň geçmegi bilen iň uly zeper ýetýän damar — ýüregiň esasy arteriýasy bolan we tutuş organizme gany daşaýan aorta damarydyr. Hünärmenler bu üýtgeşmeleri ýürek-damar keselleriniň, fibrozlaryň we bagyr çişleriniň (howply çişler) artmak töwekgelçiligi bilen baglanyşdyrýarlar.
Şeýle-de bolsa, alymlar garrama prosesini haýalladyp ýa-da çaltlandyryp biljek faktorlary hem kesgitlediler:
Peýdaly faktorlar (haýalladýar): Yzygiderli fiziki maşklar, guş eti we ýagly balyk goşulan deňagramly iýmit, ýeterlik uky we zehin işjeňligi.
Zyýanly faktorlar (çaltlandyrýar): çilim çekmek, aşa köp alkogol ulanmak, gaýtadan işlenen et önümlerini iýmek, dowamly ukusyzlyk hem-de amansyz ekologik ýa-da sosial şertlerde ýaşamak öýjüklerde garrama prosesini çaltlandyrýar.