Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwdasy ilkinji gezek 100 milliard amerikan dollaryndan geçdi. Hytaýyň Baş Gümrük edarasy tarapyndan ýaýradylan maglumata görä, geçen ýyl sebit bilen söwda 106,3 milliard amerikan dollary möçberinde bolupdyr. Degişli döwürde Hytaý bu ýurtlara uly bölegi maşyngurluşyk we ýokary tehnologiýa önümleri bolan 71,2 milliard dollarlyk haryt eksport eden bolsa, bu ýurtlardan umumy bahasy 35,1 milliard dollar bolan ýerasty magdanlary, himiýa önümlerini, polat we oba hojalyk önümlerini satyn alypdyr.
PDF









